Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda guralýan «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASY


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda guralýan «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY



1. Umumy düzgünler.

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.
Taryhy ýadygärliklerimizi, dürli döwürlerde tapylan muzeý gymmatlyklaryny aýawly saklamak işine hem döwletimizde uly üns berilýär. Munuň üçin paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde döwrebap muzeýleriň täze binalary guruldy. Häzir olarda şanly taryhymyzdan gürrüň berýän muzeý gymmatlyklarynyň müňlerçesi saklanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak we goramak, sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen Watana, türkmeniň şöhratly taryhyna söýgi döretmek boýunça ýurdumyzyň muzeýleri maksatlaýyn häsiýetli işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly muzeýleriň bäsleşigi muzeý işiniň has-da öňe gitmegine, muzeýleriň derejesiniň kämilleşmegine ýardam eder.

2. Bäsleşigiň maksady.
«Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň esasy maksady – şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakdan, gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamak, öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmekden, özygtyýarly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny we Garaşsyz ýurdumyzyň hoşniýetli halkara syýasatyny wagyz etmekden, bu ugurda özara tejribe alyşmakdan, ýetilen üstünlikler bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmakdan, nesillerde halkyň milli medeni mirasyna, muzeý gymmatlyklaryna bolan çuňňur söýgüni, buýsanjy kemala getirmekden, muzeýlerde guralýan sergileriň täsirli bolmagyny gazanmakdan, muzeý işini has-da ösdürmekden, «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly üstünliklere beslemekden,
hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda muzeýler ulgamy boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin degişli guramaçylyk işlerini geçirmekden ybaratdyr.

3. Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi.
«Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşik 2021-nji ýylyň dowamynda geçiriler.
Bu bäsleşige welaýatlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky döwlet muzeýleriniň, ýagny welaýat, şäher, etrap (etrap merkezlerinde ýerleşýän), oba (geňeşliklerde ýerleşýän) muzeýleri hem-de muzeý şahamçalary gatnaşyp, özara bäsleşerler.

Bäsleşige gatnaşyjy muzeýler şu aşakdaky görkezijiler boýunça bäsleşerler:

1. Muzeýe tölegli gelýän uly ýaşly adamlaryň sany boýunça;
2. Muzeýe tölegli gelýän mekdep okuwçylarynyň sany boýunça;
3. Muzeýe tölegli gelýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany boýunça (bu şert diňe welaýat muzeýlerine degişli);
4. Muzeý gaznasyna täze kabul edilen gymmatlyklaryň sany boýunça (muňa döwlet goraghanalary tarapyndan tabşyrylan tapyndylar girmeýär);
5. Tölegli muzeý hyzmatlarynyň netijesinde alnan girdejileriň möçberi boýunça (muňa daşary ýurt raýatlaryndan alnan giriş, ekskursiýa we beýleki tölegler girmeýär); 6. Zähmet weteranlary, halypa medeniýet we sungat işgärleri, belli alymlar bilen geçirilen duşuşyklaryň sany boýunça;
7. Gazetlerde we žurnallarda çap edilen makalalaryň sany boýunça;
8. Telewideniýede edilen çykyşlaryň we berlen interwýularyň sany boýunça;
9. Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň alnyp barlyşy boýunça (wirtual ekskursiýa, muzeý saýtlary, audiogid we beýleki goşmaça innowasion usullar). «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň dowamynda ýokardaky şertler (san görkezijileri) boýunça köp bal toplamak arkaly üstünlikli işlän muzeýler şu aşakdaky netijelere eýe bolarlar:

1. Welaýat muzeýleri özara bäsleşerler we iň köp bal toplan welaýat muzeýi «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi» diýen ada eýe bolar;
2. Şäher muzeýleri özara bäsleşerler we iň köp bal toplan şäher muzeýi «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi» diýen ada eýe bolar;
3. Etrap muzeýleri (etrap merkezlerinde ýerleşýän) özara bäsleşerler we iň köp bal toplan etrap muzeýi «Ýylyň iň gowy etrap muzeýi» diýen ada eýe bolar;
4. Oba muzeýleri (geňeşliklerde ýerleşýän) özara bäsleşerler we iň köp bal toplan oba muzeýi «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýen ada eýe bolar;
5. Muzeý şahamçalary özara bäsleşerler we iň köp bal toplan muzeý şahamçasy «Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy» diýen ada eýe bolar.

Bäsleşigiň jemleýji dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.

4. Bäsleşigiň jemleri.
«Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly muzeý bäsleşiginiň jemini jemlemek üçin eminler topary döredilýär. Bäsleşigiň jemi jemlenende eminler topary muzeý işiniň täze usullarynyň, dünýä tejribesiniň peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna üns bermelidirler.
Bäsleşigiň jemleri 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-inde dabaraly jemlener. Bäsleşigiň jemleri jemlenende muzeýleriň 2021-nji ýylyň jemleri boýunça hasabatlarynyň görkezijilerinden ugur alnar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary, Diplomlary we Hormat hatlary gowşurylar.