Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky döwlet, welaýat, merkezi etrap, şäher kitaphanalarynyň we kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda»


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky döwlet, welaýat, merkezi etrap, şäher kitaphanalarynyň we kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» atly bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY



1. Bäsleşigiň maksady.
Hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sahawatyň, paýhasyň, bagtyýarlygyň, dogana hemaýat goluny uzadýan ynsanperweriň mekanyna, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýän we ýer ýüzünde asudalygyň bolmagyny goldaýan sahylyga ýugrulan, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň watanyna öwrülen günsaýyn gül açýan ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini kitaphana işiniň we sanly ulgamyň üsti bilen teleradioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen geçirilýär.

2. Bäsleşigiň şertleri.
Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli ýörelgelerinden, parahatsöýüjilikli syýasatyndan ugur alyp ýurdumyzyň kitaphana hünärmenleriniň öňdebaryjy iş tejribeleri, kitaphana gaznasynda bar bolan dürli pudaklara degişli edebiýatlary, ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän edebiýatlary wagyz etmegiň döwrebap usullary, kitaphanalary elektronlaşdyrmagyň kämilleşdirilişi, kitaphananyň habar beriş çeşmeleriniň peýdalanylyşynyň ýollary hem-de kitaphana hünärmenleriniň ukyplary we başarnyklary şu aşakdaky şertler esasynda kesgitleniler:

1. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmeni ýylyň dowamynda görnükli ýazyjy şahyrlar bilen döredijilik duşuşygyny wideoşekilli teleköpri arkaly beýleki kitaphanalaryň hünärmenleri bilen bilelikde geçirmeli. (Döredijilik duşuşygynyň teleýaýlymda görkezilmegini, metbugatda ol barada habaryň çap edilmegini gazanmaly);
2. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmeni ýylyň dowamynda halypalar, zähmet weteranlary bilen söhbetdeşlik geçirmeli (söhbetdeşligiň teleýaýlymda görkezilmegini, metbugatda ol barada habaryň çap edilmegini gazanmaly);
3. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmeni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli usuly gollanma taýýarlamaly;
4. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Bitaraplygy we Garaşsyzlygy hakyndaky kitaplarynyň birine syn bermeli. (syn bermek üçin 5-6 minut wagt berilýär);
5. Bäsleşige gatnaşýan her bir kitaphana hünärmeni erkin çykyşyny hödürlemeli (edebi-sazly kompozisiýa, sahna oýny, çeper okaýyş monolog we ş.m.)
6. Bäsleşige gatnaşýan her bir kitaphana hünärmeniniň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli teleradioýaýlymlarda eden çykyşlarynyň sanawy we wideoýazgysy.
7. Bäsleşige gatnaşýan her bir kitaphana hünärmeniniň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli metbugatda çykan makalalarynyň, habarlarynyň sanawy we nusgasy.

3. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, olaryň birinjisi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän welaýat, merkezi etrap we merkezi şäher kitaphanalarynyň arasynda geçiriler. Bu tapgyra Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň Medeniýeti dolandyryş edaralary, welaýat Kärdeşler arkalaşygy gözegçilik ederler. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýeňiji diýlip yglan edilen kitaphanalaryň bäsleşigiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçiriljek jemleýji dabaralaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň ikinji tapgyryna (jemleýji dabaralaryna) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylan Emin agzalary gözegçilik ederler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry ýerlerde guralar we 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-10-y aralygynda geçiriler hem-de her welaýatdan 2 kitaphana hünärmeni we Aşgabat şäherinden 2 (bir) kitaphana hünärmeni ýeňiji hökmünde bäsleşigiň ikinji tapgyryna hödürleniler, birinji tapgyryň guralyşy we geçirilişi barada 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine hasabat tabşyrmaly.

4. Bäsleşigiň jemini jemlemek.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»diýlip yglan edilmegi mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda guralar we 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine geçiriler.
«Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» atly bäsleşikde üstün çykan kitaphana hünärmenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Bäsleşikde ýeňiji bolan kitaphana hünärmenlerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary, Diplomlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.