«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY



I. Bäsleşigiň maksady
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek, bu şanly seneleri joşgunly we çeper wasp etmek, şygryýetiň murapbag (dörtleme), muhammes (bäşleme), müseddes (altylama), kasyda, mesnewi, tahmys, rubagy, tuýug, gazal, aýdyşyk ýaly gadymy görnüşlerinde täze eserleri döretmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
2.1. Bäsleşige ýurdumyzyň şahyrlary, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
2.2. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýar.
2.3. Bäsleşik bu baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap güýje girýär.

3. Bäsleşigiň şertleri
3.1. Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi giňden wasp edilmelidir.
3.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.
3.3. Döredijilik bäsleşigine şygryýetiň murapbag (dörtleme), muhammes (bäşleme), müseddes (altylama), kasyda, mesnewi, tahmys, rubagy, tuýug, gazal, aýdyşyk ýaly gadymy görnüşleri boýunça täze döredilen eserler hödürlenilýär.
3.4. Sanly ulgam arkaly bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron poçta ibermeli. Bäsleşige hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 25-nji martyna çenli kabul edilýär.
3.5. Bäsleşik şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 30 sany ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

*****************************************************

«Mirasymyz—buýsanjymyz» we «Dal bedewler-halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz-türkmen alabaýlary!» atly bäsleşikleriň DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşikleriň maksady
1.Bu bäsleşikleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek, bu şanly seneleri joşgunly we çeper wasp etmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen geçirýärler.

2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
2.1. Bäsleşiklere ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, mirasgärleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
2.2. Bäsleşikleriň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.
2.3. Bäsleşikler bu baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap güýje girýär.

3. Bäsleşigiň şertleri
3.1. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.
3.2. «Mirasymyz—buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigine şöhratly taryhymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň, akyldarlarymyzyň edebi mirasyny, arheologiýany we etnografiýany öwrenmek barada makalalar hem-de kitaplar hödürlenilýär.
3.3 «Dal bedewler-halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz-türkmen alalabaýlary!» atly döredijilik bäsleşigine türkmen bedewleri hem-de türkmen alabaýlary hakynda ýazylan goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär.
3.4. Edebi bäsleşiklere gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Bäsleşiklere hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
3.5. Edebi bäsleşikler şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Bäsleşikleriň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

************************************************************

Döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady
1. Bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek maksady bilen geçirýärler.

2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
2.1. Bäsleşige žurnalistler, mirasgärler, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
2.2. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Bäsleşigiň şertleri
3.1. Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde merdana halkymyzyň ahlak-edep ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, maşgala mukaddesligi çeper we many-mazmunly beýan edilmelidir.
3.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.
3.3. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşige hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
3.4. Bäsleşik şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

*****************************************************

Döredijilik bäsleşikleriniň DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşikleriň maksady
1. Bu döredijilik bäsleşikleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary çeper döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
2.1. Bäsleşiklere ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ýaş ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, talyplar we mekdep okuwçylary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
2.2. Bäsleşikleriň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.
2.3. Bäsleşikler bu baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap güýje girýär.

3. Bäsleşigiň şertleri
3.1. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmuny giňden wasp edilmelidir.
3.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.
3.3. «Şygryýetiň bilbili» atly döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýaş şahyrlary Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny çeper beýan edýän goşgulary we poemalary bilen gatnaşyp bilerler.
3.4 «Waspyň dillerde dessan—Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigine ýaş žurnalistleriň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini çeper beýan edýän makalalary hödürlenilýär.
3.5. Bäsleşiklere gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Bäsleşiklere hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
3.6. Bäsleşikler şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Bäsleşikleriň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.