DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERINIŇ DÜZGÜNNAMALARY


DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERINIŇ DÜZGÜNNAMALARY



FOLKLOR TOPARLARYNYŇ ARASYNDA GÖRKEZME BÄSLEŞIK ÇYKYŞLARY

Bu bäsleşige ýurdumyzyň folklor, tans we döredijilik toparlary şu aşakdaky ugurlar boýunça gatnaşyp biler:
Gelin-gyzlaryň şahyrana halk döredijilik eserlerini (läleler, monjugatdylar, dessanlar, şadessanlar, öleňler, leýeranlar, ýar-ýarlar, hüwdüler, aýdyşyk, aý joramjan, hymmyl, ýarowjan, we beýleki aýdym äheňli görnüşlerini) ýerine ýetirmek;
Folklor çykyşynda milli toý däp-dessurlaryny («Bäbek toýy», «Çile toýy», «Galpak toýy», «Diş toýy», «Gulak deşme» dessury, «Nika toýy», «Jaý toýy» we beýlekileri) sahnalaşdyrmak;
Milli oýunlaryň folklor döredijiliginde beýan edilişini («Göreş», «Ýaglyga towusmak», «Aşyk», «Ak süňk», «Çilik-hekgal», «Aýterek-günterek», «Ýüzük bukdy» we beýlekileri) görkezmek;
Folklor döredijiliginde milli tanslary («Küştdepdi», «Çemçe», «Sallanma», «Çapak tansy», «Balykçylar tansy», «Ýigitler tansy», «Palaw tansy», «Bagşylaryň ýaryşy» we beýleki tanslary) ýerine ýetirmek.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrlary 2021-nji ýylyň 11–13-nji martynda welaýat medeniýet müdirlikleri tarapyndan geçirilip, tapawutlanan toparlaryň çykyşlarynyň wideoýazgysy 2021-nji ýylyň 20-nji martyna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ibermeli.Eminler topary wideoýazgylaryň esasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyryljak folklor toparlaryny kesgitleýär.Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2021-nji ýylyň 25–27-nji martynda geçiriler.
Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki, pudaklaryň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşýan folklor toparlarynyň agzalarynyň ýaşy we sany çäklendirilmeýär. Folklor çykyşlarynyň dowamlylygy 5–8 minut aralygynda bolmaly. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden döredijilik toparlary ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanar we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine gatnaşmaga hödürleniler.
Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Saz edaralary we halk döredijiligi bölümi: 44-00-11, 44-00-99.

«DUTAR ÝASAMAK SENETÇILIGI, DUTARDA SAZ ÇALMAK WE BAGŞYÇYLYK SUNGATY»
atly bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

1. Umumy düzgünler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli saz gurallary senetçiligini ösdürmek, ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmak babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen milli sungatymyzyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmündäki dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, dutar senetçiligini ösdürmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillerde özboluşly, kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdymdyr sazlarynyň aýratynlyklaryna söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň dutar ussalarynyň, bagşy-sazandalarynyň arasynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigini geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin heňlere, owaza eýlenen aýdym-sazy, folklory, sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, külalçylygy bilen ynsan kowumynyň gymmatlyklaryna uly goşant goşandyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabara bilen geçirilýän «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bu bäsleşik milli saz sungatymyzyň bagtyýarlyk döwründäki ösüşine täze öwüşgin çaýmakda, milli dutar ýasamak senetçiligini ösdürmekde we dutarda saz çalmakda hem-de aýdym aýtmakda ýerine ýetirmegiň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

2. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

«Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň esasy maksady we wezipeleri diňleýjiniň kalbyna aram berýän türkmen milli dutar saz guralynyň ýasalyş usullaryny, tärlerini, bu ugurdaky halk tejribesini öwrenmekden, dutarda dürli ýerine ýetirijilik ugurlaryny, däplerini ösdürmekden, halk arasynda ussat sazandalaryň, bagşylaryň we senetkärleriň baý tejribesini özünde jemleýän ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, halkymyzyň gadymy saz guraly bolan dutarda ýerine ýetirilýän halk aýdym-sazlarynyň wideo-audio ýazgylaryny we fotosuratlaryny toplamakdan, halkymyzyň baý mirasyny wagyz etmekden, dutar ussalarynyň hünär ussatlygyny, döredijilik ukybyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

3. Bäsleşigiň geçiş tertibi we şertleri

3.1 «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bu bäsleşik 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriler. Bäsleşige Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dutar ussalary, sazandalar we bagşylar gatnaşyp bilerler. Bäsleşik aşakdaky üç ugur boýunça geçiriler:
1. Dutar ýasamak senetçiligi;
2. Dutarda saz çalmak;
3. Bagşyçylyk sungaty.

3.2. “Dutar ýasamak senetçiligi” ugry boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň ýaşy çäklendirilmeýär. “Dutarda saz çalmak” we “Bagşyçylyk sungaty” ugurlary boýunça 18-30 ýaş aralygyndaky sazandalar we bagşylar gatnaşyp bilerler.
3.3. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň öz içinde 2021-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde geçiriler. Olarda her ugur boýunça ýeňiji bolanlar 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bellik: Bäsleşige heniz “Türkmenistanyň halk bagşysy”, “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen hormatly atlary we döwlet sylaglaryny almadyk bagşy-sazandalar gatnaşyp bilerler.

4. Bäsleşigiň ugurlary boýunça bildirilýän talaplar

“Dutar ýasamak senetçiligi” ugry:
1. Dutar saz guralynyň taýýar görnüşi;
2. Dutar saz guralynyň kädisiniň, sapynyň we gapagynyň taslama görnüşi.

“Dutarda saz çalmak” ugry:
1. Bir sany halk sazy;
2. Bir sany mukamçy kompozitoryň eseri.

“Bagşyçylyk sungaty” ugry:
1. Bir sany halk aýdymy;
2. Bir sany mukamçy kompozitoryň döreden aýdymy.

Bellik: talaplar bäsleşigiň iki tapgyry üçin hem degişli bolup, jemleýji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjy sazandalar we bagşylar ýerine ýetirýän eserini üýtgedip biler.

5. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
Bäsleşigiň her ugry boýunça eminler topary tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilenler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanar. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylara höweslendiriji baýraklar gowşurylar. Eminleriň çykaran netijeleri gutarnykly bolup, gaýtadan seredilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň tabşyrmaly resminamalary:
- Okuw mekdebiniň, edaranyň ýolbaşçysynyň ýollama haty.
- Pasportynyň nusgasy;
- 9x12 ölçegdäki foto suraty.

Resminamalary 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli Aşgabat şäher we welaýat medeniýet müdirliklerine tabşyrmaly. Aşgabat şäher we welaýat medeniýet müdirlikleri birinji tapgyryň ýeňijileriniň resminamalaryny jemleýji tapgyra gatnaşdyrmak üçin 2021-nji ýylyň 7-nji apreline çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligine tabşyrmaly.

Guramaçylyk toparynyň salgysy:
Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.

Habarlaşmak üçin: 44-00-37, 44-01-16/ Faks: 44-02-36
Elektron poçtanyň salgysy: tmculture@mail.ru


«TÜRKMEN TEATR SUNGATY» ATLY BÄSLEŞIGI

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli teatrlary Hormatly Prezidentimiziň eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watansöýüjiligine, merdanalygyna, ynsanperwerligine, arassa ahlaklylygyna, päk söýgä bagyşlanan, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik üstünlikleri wasp edýän türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus kämil, döwrebap täze sahna oýunlary bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 16-njy maýynda jemleniler. Bäsleşikde iň gowy sahna oýny üçin 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere sowgatlar, Diplomlar bellenilýär. Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin şu aşakda görkezilen ugurlar boýunça sowgatlara, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna mynasyp bolarlar:
- zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin;
- erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin;
- suratkeşiň iň oňat işi üçin;
- iň oňat saz bezegi üçin;
- kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin;
- tomaşaçylaryň söýgüsini gazanandygy üçin;
- iň ýaş zehin üçin.

Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölümi: 44-00-60, 44-00-55.

SURATKEŞLERIŇ HEM-DE NAKGAŞLARYŇ ARASYNDAKY BÄSLEŞIGI

«Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly suratkeşleriň hem-de nakgaşlaryň arasyndaky bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň suratkeşleriniň we nakgaşlarynyň gatnaşmagynda Bitarap Watanymyzda parahatçylygy wasp edýän döwrebap çeper döredijiligi açyp görkezmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän çeper eserleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşýan işler 2021-nji ýylyň 5-6-njy awgustynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergilener. Bäsleşige gatnaşan işler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm. resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.
Bäsleşige tejribeli ussat grafikaçylar, nakgaşlar, heýkeltaraşlar, keramikaçylar, halyçylar, zergärler, dizaýnerler bilen bir hatarda ýörite çeperçilik we sungat mekdepleriniň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlary hem gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige işler aşakdaky usullar boýunça gatnaşmaly.
1. Grafika eserleri;
2. Nakgaşlyk eserleri;
3. Heýkel eserleri;
4. Dizaýn işleri;
5. Keramika;
6. Haly önümleri;
7. Zergärçilik önümleri.

Bäsleşige hödürlenilýän işler: «Ak şäherim Aşgabat», «Meniň Garaşsyz Watanym», «Türkmenistan parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar nesiller», «Milli gymmatlyklarymyz», «Bitaraplyk baky bagtym», «Medeni mirasymyz», «Meniň döwürdeşim» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirilmeli.
Grafika eserleri kagyza galamda we syýaly reňklerde, akwarelde, guaşda işlenip, onuň ölçegi 30sm. - 50sm. ybarat bolmalydyr.
Nakgaşlyk eseri kendirde ýagly boýaglar bilen işlenip, olaryň ölçegleri 50sm. – 300sm. aralygyndaky möçberde bolmalydyr.
Heýkel işleri gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç materiallarynda ýerine ýetirilip, olaryň ölçegleri 50 sm. – 150 sm. aralygyndaky möçberde bolmalydyr.Dizaýn taslamalary dürli ölçeglerde we materiallarda ýerine ýetirilip, sergide görkezilmäge amatly işler bolmalydyr.Keramika işleri syrçaly we peçde bişirilen önümler bolmalydyr.Haly önümleri dürli ölçegde bolup, olar dokalan görnüşinde hödürlenmelidir.Zergärçilik önümleri gymmat bahaly metallardan we dürli reňkli bezeg daşlardan ybarat bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde kabul edilýär. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
Bäsleşige gatnaşyjynyň maglumatlary nusga laýyklykda (goşulýar) doldurylyp, onuň bäsleşige gatnaşýan işiniň aşagynda ýelmenmelidir.
Bäsleşigiň şertlerine we talaplaryna laýyk gelmeýän hem-de gatnaşyjynyň anketasynda maglumatlar doly we dürs doldurylmadyk işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. Bäsleşigiň emin agzalary Türkmenistanyň tanymal suratkeşlerinden, heýkeltaraşlaryndan we sungaty öwrenijilerden ybarat bolar. Eminleriň çykaran netijesi gutarnykly bolup, gaýtadan seredilmeýär.
Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde serginiň açylan pursatynda dabaraly yglan ediler. Şeýle hem, bu barada maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň orunlary aşakdaky tertipde kesgitlener.

Her ugur boýunça 1,2,3-nji orunlar we höweslendiriji baýraklar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler Diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanar, şeýle hem, aýratyn tapawutlanan işlere Hormat hatlar we höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulýar.
Bäsleşige hödürlenilýän işleri aşakdaky salga ibermeli: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.

Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Tel.: (+99312) 44-00-41
Faks: (+99312) 92-22-90

Önki makalalar