«MENIŇ WATANYM» KINOFESTIWALY


«MENIŇ WATANYM» KINOFESTIWALY



Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.
Zehinli kinorežissýorl¬ry, dramaturglary, operatorlary ýüze çykarmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýän kinofestiwala ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler.

Ýeňijiler şu ugurlar boýunça kesgitleniler:
Baş baýrak;
Eminler toparynyň baýragy;

Iň go¬wy ki¬no¬re¬žiss¬ýor;
Iň gowy filmiň edebi esasy;
Iň gowy kinooperatoryň işi;
Iň gowy film kebşirleýji;
Iň gowy saz bezegi;
Iň gowy film suratkeşi.

Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilip, ýeňijiler 12-nji sentýabrda yglan ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 49-37-02, 49-37-03, 49-37-28.

Önki makalalar