ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!


ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!



«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz-bagtymyz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär:

Döredijilik bäsleşigine eziz Watanymyza beýik buýsanjymyz, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eşretli miweleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren beýik döwri hakynda ýazylan şygyrlar, poemalar hödürlenilýär.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem ibermelidirler (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri).
Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setirara 1,0 görnüşde ýazyp, «edebiyatwesungat-gazeti@online. tm» atly elektron salga ibermeli. Eserler 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Ýeňijiler sentýabr aýynda yglan edilip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-01-67, 38-62-17, 38-61-99.

Önki makalalar