Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY


Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY



Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmeli.
Bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlaryny hem gatnaşdyrmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini şu ugurlar boýunça kesgitlemeli:
1) iň gowy goşgular we poemalar;
2) iň gowy makalalar we oçerkler;
3) iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar;
4) iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri;
5) iň gowy teleradiogepleşikler toplumy;
6) iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary;
7) iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary;
8) aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy;
9) sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy;
10) iň gowy aýdym-saz eserleri;
11) medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak;
12) iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri;
13) iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler.
Bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemeli.
Bäsleşigi geçirmegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna tabşyrmaly.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini yglan etmeli we ony 2022-nji ýylyň awgust aýynda jemlemeli.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini geçirmegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine tabşyrmaly.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini yglan etmeli we ony 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemeli.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini geçirmegi Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine tabşyrmaly. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmeli.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragyny we altyn zynjyryny, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijilerine we «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurmaly.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň we dabara gatnaşjak medeniýet we sungat ussatlarynyň ýol, iýmit, ýaşaýyş bilen bagly çykdajylaryny degişlilikde býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň býujet serişdeleriniň, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň bolsa öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem bäsleşigiň jemlerini jemlemek mynasybetli geçiriljek baýramçylyk konsertiniň sahna bezegini gurnamak we taýýarlamak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmeli.

7. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça topar döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

8. Türkmenistanyň Merkezi banky şu kararda görkezilen maksatlar üçin pul baýraklaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry.