ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!


ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!



Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ulanmaga berlen iri önümçilik we medenidurmuş maksatly binalaryň hemde desgalaryň açylyş dabaralaryndan pursatlary beýan etmek, şeýle-de täze açylan binalaryň aýratynlyklaryny filmleriň we wideorolikleriň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, bäsleşik yglan edýär.
Hödürlenen filmlere we wideoroliklere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş, saz bezegi, manymazmuny boýunça baha berler.

Şu talaplar boýunça ýe¬ňiji bolanlara:
— bäsleşigiň baş baýragy (Gran-pri);
— bäsleşigiň eminler toparynyň baýragy gowşurylar.

Şeýle hem şu aşakdaky ugurlar boýunça ýe¬ňijiler kesgitleniler:
— iň gowy režissýorlyk işi;
— iň gowy operatorlyk işi;
— iň gowy saz bezegi;
— iň gowy montaž bezegi.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 4-nji noýabry — 15-nji dekabry aralygynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
44-22-12;
44-24-03.