Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi



DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Birinji tapgyr: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden döwlet we iri-medeni çärelere işjeň gatnaşyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we sms seslenmeler arkaly saýlanan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçylaryň emin agzalarynyň saýlamagynda iň köp ses alan 30 sanysy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ikinji tapgyr: Emin agzalar tarapyndan iň köp ses alan 30 sany ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleri saýlanylyp alnar.
Saýlanan 20 aýdymçynyň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän sms seslenmelerine esaslanyp, şolaryň içinden iň köp ses alan 10 (on) sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 1 — 5-i aralygynda, ikinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 10 — 15-i aralygynda, jemleýji tapgyry bolsa 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň uly studiýasynda geçiriler we oňa ikinji tapgyrda iň köp sms seslerini alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirerler. Her çykyşdan soň emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini aýdarlar. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň we sms seslenmeleriniň iň köpüsini alan aýdymçy hem bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, onuň göçme nyşanyna, diplomlara, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenip, ýeňijiler diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli aýdymçylar Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda gazanylan üstünlikleriň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mukaddeslikleriň, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleriniň, arassa ahlaklylygyň, päk söýginiň waspy bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdymlarynda öz beýanyny tapmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi: 44-88-79.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi:
44-00-74, 44-00-11, 48-96-82.
Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komiteti:
44-22-22, 44-20-11