ÜNS BERIŇ, DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI!


ÜNS BERIŇ, DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI!



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şeýle-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadyndan ugur alyp, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merke-zi geňeşi bilen bilelikde, ýaşlaryň arasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Bäsleşige hödürlenýän işlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy hemde ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir.
Ýaşlar bäsleşige hödürleýän işlerini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» diýen ýazgy esasynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň turkmenistan-gazeti@online.tm elektron salgysyna ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri baradaky maglumaty (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gelip gowşan işlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlener.
Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi ge-ňeşiniň Diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon
belgimiz: 39-95-67.