ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!


ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!



Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, berkemegine, taryhy binýat esasynda gurulýan Türkmen döwletiniň syýasy, ykdysady taýdan has-da ösmegine önjeýli goşant goşmak şu günüň esasy wezipeleridir. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak, mukaddes topragymyza guwanmak, halkymyzyň medeni mirasy-ny, ruhy-ahlak ýörelgelerini giňişleýin wagyz-nesihat etmek döwrüň talaby. Hor-matly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenilip düzülen we kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanly-gynda gazanylýan taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak biziň borjumyz. Şundan ugur alyp, 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda okyjylaryň arasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» — ylham berýär ýüreklere» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okyjylar köpçüligi ýazan (öň çap edilme-dik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, oçerklerini, hekaýa-laryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyrlar.
Bäsleşigiň netijeleri 2022-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere baýraklar gowşurylar. Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100,
Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.
Telefonlarymyz: 38-61-17; 38-61-16; 38-61-03; 38-61-05.
Gazetiň elektron poçtasy: watan-gazeti@on line.tm