«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY



1. Bäsleşigiň düzgünleri



1.1. Bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýärler. Bäsleşige ýurdumyzyň çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
1.2. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Bäsleşigiň şertleri



2.1. Bäsleşige hödürlenilýän goşgularda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, makalalarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, hekaýalarda Magtymgulynyň Pyragynyň ömri, paýhasly döredijilik dünýäsi çeper beýan edilmelidir.
2.2. Eserleriň çeperçilik derejesine emin agzalary tarapyndan baha berilýär we eminleriň eserleri saýlamaklary arkaly ýeňijiler kesgitlenilýär.
2.3. Döredijilik bäsleşigine goşgular, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazylan 1 ýa-da 2 sany eserini hödürläp bilerler. Goşgularyň her bendiniň soňky setiri açyk bogunly, möçberi bir sahypa bolmaly. Makalalaryň, hekaýalaryň möçberi 3 sahypadan geçmeli däl. Bäsleşige öň metbugatda çap edilmedik eserler kabul edilýär.
2.4. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «doredijilikmedeniyet@sanly.tm» atly elektron salga ibermeli we eserler 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär. Düzgünnamada göz öňünde tutulan şertler berjaý edilmän iberilen eserler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
2.5. Bäsleşik şu ýylyň iýun aýynda jemlener hem-de ýeňijilere sowgatlar gowşurylar.