«Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň D Ü Z G Ü N N A M A S Y


«Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y



1. Bäsleşigiň düzgünleri



1.1. Bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýärler.
1.2. Bäsleşige ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
1.3. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Bäsleşigiň şertleri



2.1. Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar döwletimizde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, naýbaşy bedewleriň baş sanyny artdyrmak, milli atşynaslyk sungatynyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, türkmen bedewleriniň çeper keşbiniň milli sungatymyzda, edebiýatymyzda şöhlelendirilişi giňden wasp edilmelidir.
2.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär we ýeňijiler eminleriň eserleri saýlamaklary arkaly kesgitlenilýär.
2.3. «Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşigine goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazylan 1-2 sany eserini hödürläp bilerler. Goşgularyň her bendiniň birinji, ikinji we üçünji setirleriniň soňy açyk çekimli harp bilen gutarmaly we goşgynyň möçberi bir sahypa bolmaly. Poemalaryň, makalalaryň, hekaýalaryň möçberi 3 sahypadan geçmeli däl.
2.4. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «doredijilikmedeniyet@sanly.tm» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşige hödürlenilýän eserler 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan şertler berjaý edilmän iberilen eserler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
2.5. Şan-şöhraty dünýä dolýan türkmen bedewleri hakynda iň gowy goşgyny, poemany, makalany, hekaýany döretmek boýunça bäsleşikde aýratyn tapawutlanan ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine hödürlener.
2.6. Bäsleşik şu ýylyň aprel aýynda jemlener hem-de bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.