«Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginiň D Ü Z G Ü N N A M A S Y


«Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginiň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y



1. Bäsleşigiň düzgünleri



1.1. Bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýärler.
1.2. Bäsleşige ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
1.3. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Bäsleşigiň şertleri


2.1. Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde alabaýlara mahsus bolan edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly häsiýetler açylyp görkezilmelidir, türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary, milli itşynaslyk tejribesini ösdürmek we dünýä ýaýmak, golýazma we edebi çeşmelerde türkmen alabaýynyň waspynyň beýan edilişi, türkmen alabaýyny wasp edýän arheologiýa tapyndylaryň hem-de olaryň haly we beýleki milli el işlerindäki beýany çeper şöhlelendirilmelidir.
2.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär we ýeňijiler eminleriň eserleri saýlamaklary arkaly kesgitlenilýär.
2.3. «Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşigine goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazylan 1 ýa-da 2 sany eserini hödürläp bilerler. Goşgularyň her bendiniň birinji, ikinji we üçünji setirleriniň soňy açyk çekimli harp bilen gutarmaly we goşgynyň möçberi bir sahypa bolmaly. Poemalaryň, makalalaryň, hekaýalaryň möçberi 3 sahypadan geçmeli däl. Döredijilik bäsleşigine öň metbugatda çap edilmedik eserler kabul edilýär.
2.4. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we suraty). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «doredijilikmedeniyet@sanly.tm» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşige hödürlenilýän eserler 2022-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan şertler berjaý edilmän iberilen eserler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
2.5. Türkmen alabaýy hakynda iň gowy goşgyny, poemany, makalany, hekaýany döretmek boýunça bäsleşikde aýratyn tapawutlanan ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine hödürlener.
2.6. Bäsleşik şu ýylyň oktýabr aýynda jemlener hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda –bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guralar, ýeňijilere sowgatlar gowşurylar.