Folklor toparlaryň arasynda «Berkarar Watanyň folklor sungaty» atly bäsleşigi yglan edýäris!


Folklor toparlaryň arasynda «Berkarar Watanyň folklor sungaty» atly bäsleşigi yglan edýäris!



«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen halkynyň baý döredijiliginiň hem milli folklor mirasynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak, folklor sungatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek we söýgi döretmek, gadymy sungatymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny dünýä ýaýmak, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik zähmet üstünliklerini täze döredilen folklor eserleri bilen joşgunly wasp etmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Berkarar Watanyň folklor sungaty» atly folklor bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň maksady: Türkmenistanyň Prezidentiniň milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmek baradaky öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň baý halk döredijiliginiň, milli folklor mirasynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara syýasy ähmiýetini dünýä ýaýmak, hem-de ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bolup durýar.

Bäsleşigiň şertleri: Döredijilik toparlary bäsleşige şu aşakdaky ugurlar boýunça gatnaşyp biler:
1. Gelin-gyzlaryň şahyrana halk döredijilik eserlerini (läleler, monjugatdylar, dessanlar, şadessanlar, öleňler, leýeranlar, ýar-ýarlar, hüwdüler, aýdyşyk, aý joramjan, hymmyl, ýarowjan we beýleki aýdym äheňli görnüşlerini) ýerine ýetirmek;
2. Folklor çykyşynda milli toý däp-dessurlaryny («Bäbek toýy», «Çile toýy», «Galpak toýy», «Diş toýy», «Gulak deşme» dessury, «Nika toýy», «Jaý toýy» we beýlekileri) sahnalaşdyrmak;
3. Milli oýunlaryň folklor döredijiliginde beýan edilişini («Göreş», «Ýaglyga towusmak», «Aşyk», «Ak süňk», «Çilik-hekgal», «Aýterek-günterek», «Ýüzük bukdy» we beýlekileri) görkezmek;
4. Folklor döredijiliginde milli tanslary («Küştdepdi», «Çemçe», «Sallanma», «Çapak tansy», «Balykçylar tansy», «Ýigitler tansy», «Palaw tansy», «Bagşylaryň ýaryşy» we beýleki tanslary) ýerine ýetirmek.
Bäsleşigiň düzgünleri we geçiş tertibi: Folklor çykyşlarynyň dowamlylygy 5–7 minut aralygynda bolup, bäsleşige gatnaşýan folklor toparlarynyň agzalarynyň ýaşy we sany çäklendirilmeýär.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2022-nji ýylyň 14–15-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçiriler.
Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki, şeýle-de pudaklaryň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň ýörite döredilen Eminler topary tarapyndan baha beriler.