Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi yglan edýäris!


Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi yglan edýäris!



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek we dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem «Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2580-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Çalsana, bagşy» atly folklor bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak, olaryň sungat äleminde ussat bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak bolup durýar. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär.
Bäsleşige 18–35 ýaşly Türkmenistanyň raýatlary özleriniň hemişelik ýaşaýan ýerlerinden gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän, hemişelik ýaşaýan ýerinden daşynda dürli kärlerde zähmet çekýän, bilim alýan ýa-da harby çagyryş boýunça gulluk edýän bagşy-sazandalar, degişlilikde hemişelik ýaşaýan ýeriniň Medeniýet müdirliklerine özleriniň wideo ýazgylaryny hödürläp bilerler.
Bäsleşige gatnaşýan bagşy-sazandalaryň her biri tapgyrlarda bir halk aýdymy we halk sazy bilen çykyş etmeli. Bagşy-sazandalar islege görä mukamçy kompozitorlaryň döreden eserleri bilen hem çykyş edip bilerler. Saýlama tapgyrlarda ýerine ýetirilen aýdymlar we sazlar ikinji gezek ýerine ýetirilmeli däldir.
Bäsleşige gatnaşýan dutarçy sazandalar ýekelikde çykyş etmelidirler.
Dutarçy bagşylar ikinji we jemleýji tapgyrlarda sazandalar (dutar, gyjak) bilen ýa-da dutarçylar ansambly bilen bilelikde çykyş etmeli. Birinji tapgyrda bagşylar ýekelikde hem çykyş edip bilerler. Bäsleşige gatnaşýan bagşy-sazandalar özleriniň çykyşlaryny janly (fonogrammasyz) ýerine ýetirmelidirler.
Bäsleşige Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan bagşy-sazandalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň we «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri gatnaşdyrylmaýar.
Bäsleşik Düzgünnama esasynda üç tapgyrda – etrap, welaýat we jemleýji tapgyrlarda geçiriler.
Bäsleşigiň ýörite döredilen Eminler topary tarapyndan baha beriler.