«Parahatlyk dünýäsi»


«Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungaty boýunça festiwal-bäsleşigi yglan edildi



2020-nji ýylyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungaty boýunça festiwal-bäsleşigi yglan edildi.

Festiwal-bäsleşigiň maksady we wezipeleri: Ýurdumyzyň wokal aýdymçylarynyň we hor toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny hem-de kompozitorlaryň professional döredijiligini kämilleşdirmek we höweslendirmek, bu ugurlara gyzyklanmany artdyrmak we ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijiligine itergi bermek hem-de tejribe alyşmaklaryna mümkinçilikleri döretmek bolup durýar.

Festiwal-bäsleşigiň ugurlary:
1) Wokal ugry;
2). Hor sungaty ugry;
3). Kompozisiýa ugry.

Wokal ugry boýynça ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň hem-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, professional saz bilimi bolan wokal aýdymçylary gatnaşyp biler.

Ýaş aýratynlyklary:
1-nji topar – 18-25 ýaş aralygy;
2-nji topar – 26-35 ýaş aralygy.

Hor sungaty ugry boýynça çagalar sungat mekdepleriniň, ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň 40-50 adamdan ybarat bolan hor toparlary gatnaşyp biler.

Iki topar boýunça geçiriler: 1-nji topar – çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň arasynda;

2-nji topar – ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň arasynda.

Kompozisiýa ugry boýynça ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň hem-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, professional saz bilimi bolan kompozitorlar gatnaşyp biler.

Talaplar:
Wokal ugry: 1) XVII-XIX asyr kompozitorlarynyň operalaryndan bir ariýa (asyl nusgada); 2) Türkmen operalaryndan bir ariýa; 3) Türkmen kompozitorlarynyň döreden bir romansy ýa-da aýdymy.

Hor sungaty ugry boýunça:
1) 1 sany Akapella hor eseri;
2) 1 sany sazandarly hor eseri.

Kompozisiýa ugry:
1) 1 sany wokal eseri;
2) 1 sany hor eseri (2020-nji ýylda döredilen bolmaly).

Geçiş tertibi: Festiwal-bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, 1-nji tapgyryny 2020-nji ýylyň aprel aýynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde, 2-nji jemleýji tapgyryny maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Emin agzalary: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Festiwal-bäsleşigiň şertleri: Festiwal-bäsleşige gatnaşmak isleg bildirýänler şu resminamalary tabşyrmaly:
Okuw mekdebiniň, edaranyň ýolbaşçysynyň ýollama haty;
Arza;
Ýörite sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy (ozal tamamlanlar üçin);
9x12 ölçegdäki 1 sany fotosurat çykarylan we elektron görnüşde (ýekelikde ýerine ýetirijiler üçin);
18x24 ölçegdäki 1 sany fotosurat çykarylan we elektron görnüşde (hor topary üçin).

Festiwal-bäsleşige gatnaşyjylar arzalaryny we beýleki resminamalaryny 2020-nji ýylyň 1-nji apreline çenli degişlilikde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerine tabşyrmaly. Görkezilen möhletden gijä galan resminamalar kabul edilmeýär.