«Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwalyny yglan edýäris!


«Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwalyny yglan edýäris!



2020-nji ýylyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly yglan edildi.

Festiwalyň maksady: Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýeti we sungaty yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, tans sungatynyň milli mirasyny gorap saklamak, ýurdumyzda tans sungatyny ösdürmek we tans toparlarynyň işini kämilleşdirmek, zehinli tansçylaryň ýüze çykmagyna giň ýol açmak, tans sungatynyň milli äheňlerini wagyz etmek, tanslaryň many-mazmun hem çeperçilik taýdan ýokary derejede sahnalaşdyrylmagyny gazanmak, tansçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, ýaşlarda tans sungatyna bolan söýgini ýokarlandyrmak, milli, döwrebap hem-de daşary ýurt tans sungatyna gyzyklanma döretmek, iň gowy tans toparlaryny, tans goýujylary, baletmeýsterleri, tansçylary höweslendirmek bolup durýar.

Geçiş tertibi: Festiwalyň 1-nji tapgyry welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça saýlanan toparlar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Emin agzalary: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Festiwalyň şertleri: Festiwala tans toparlary türkmen milli tanslary, türkmen wakaly tanslary, daşary ýurtlaryň milli tanslary – ugurlary boýunça gatnaşyp bilerler. Toparlaryň adam sany 8 jübütden az bolmaly däldir.

Geçiriljek wagty: Festiwalyň jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilýär.