ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNYŇ «TÜRKMENIŇ AK ÖÝI» BINALARYNDA GÖÇME SIRK TOMAŞALARY
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň «Türkmeniň ak öýi» binalarynda 2025-nji mart-aprel aýlarynda göçme sirk çykyşlary guralýar. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, ýaş zehinli artistleriň, hokgabazdyr akrobatlaryň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, tälim berlen atlaryň, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, şeýle hem «Poni» atynyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.
SIRK TOMAŞALARYNYŇ TERTIBI
-Lebap welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 5-inde, 6-synda we 7-sinde sagat 15.00 hem-de 18.00-da başlanýar.
-Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-ynda, 11-inde we 12-sinde sagat 15.00 hem-de 18.00-da başlanýar.
-Balkan welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine, 28-ine we 29-yna sinde sagat 15.00 hem-de 18.00-da başlanýar.
-Daşoguz welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-sine, 8-ine we 9-yna sagat 15.00 hem-de 18.00-da başlanýar.
Goşmaça maglumatlar bilen tanyşyp bilersiňiz:sirk.gov.tm
Habarlaşmak üçin tel. belgileri: 862- 67-47- 99 / 863-91-28-93.