BILDIRIŞ !
Hünär saýlap almak, hünär öwrenmek dünýăniň ähli künjeklerinde asylly ýörelgä öwrüldi. Ata-babalarymyzdan gelýän «Hünär eýesini eziz eder», «Ýigit görki–hünär» ýaly birnäçe nakyllar bu günki günde ýaşlara ýol-ýörelge bolup durýar. Ine şu maksat bilen hem, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda aprel aýynyň 28–ne Jemgyýetçilik işgäri, pedagog, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň agzasy Merdan Ataýew bilen «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly duşuşyk geçirilýär.