BILDIRIŞ


BILDIRIŞ !

Opera sungaty soňky döwürde täze üstünliklere ýetip, täze operaçylar ösüp kemala gelýär. Ökde opera aýdymçylaryny, sazandalaryny taýýarlamakda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halypa mugallymlar irginsiz zähmet çekýärler. Esasan hem, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän mugallymlaryň aýratyn hyzmaty uludyr. Aprel aýynyň 1-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde şeýle hem Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda Kamera orkestrniñ sazandarlyk etmeginde ajaýyp aýdym-sazlara baý döredijilik agşamy geçirilýär.

Önki makalalar