«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»


«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly yglan edildi



2020-nji ýylyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly yglan edildi.

Festiwalyň maksady we wezipeleri: Ýurdumyzyň professional orkestrleriniň, ansambllarynyň we beýleki saz toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek, professional saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmak, professional saz sungatynyň üsti bilen türkmen halkynyň estetiki dünýägaraýşyny ösdürmek, professional saz eserleriniň we täzeden işlenen türkmen halk sazlaryny halka ýaýmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijiligine itergi bermek we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek, saz toparlarynyň we sazandalaryň tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik döretmek bolup durýar.

Festiwalyň ugurlary:
1) Ýekelikde ýerine ýetirmek ugry;
2). Toparlaýyn ýerine ýetirmek ugry.

Ýekelikde ýerine ýetirmek ugry boýynça çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz edaralarynyň professional saz bilimi bolan sazandalary gatnaşyp biler.

Ugurlary: Fortepiano, skripka, alt, wiolonçel, konstrabas, fleýta, goboý, klarnet, saksafon, fagot, truba, woltorna, trombon, tuba, ksilofon.

Ýaş aýratynlyklary:
1-nji topar – 12-17 ýaş aralygy;
2-nji topar – 18-25 ýaş aralygy;
3-nji topar – 26-35 ýaş aralygy.



Talaplar: ýerine ýetirijiler iki eseri ýerine ýetirmeli. Fortepiano: 1).Türkmen kompozitorynyň bir sazy eseri; 2) Uly göwrümli bir sany eser (1-nji bölüm).

Skripka, alt, wiolonçel, konstrabas: 1).Türkmen kompozitorynyň bir sazy eseri (akkompanementli); 2) Uly göwrümli bir sany eser (1-nji bölüm, akkompanementli).

Fleýta, goboý, klarnet, saksafon, fagot, truba, woltorna, trombon, tuba, ksilofon: 1).Türkmen kompozitorynyň bir sazy eseri (akkompanementli); 2) Daşary ýurt kompozitorynyň bir sazy eseri (akkompanementli).

Toparlaýyn ýerine ýetirmek ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň, ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň hem-de saz edaralarynyň saz toparlary gatnaşyp biler.

Ugurlary: Halk saz gurallary orkestri, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.

Iki topar boýunça geçiriler: 1-nji topar – çagalar sungat mekdepleriniň saz toparlarynyň arasynda;

2-nji topar – ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň hem-de saz edaralarynyň saz toparlarynyň arasynda.

Talaplar: Toparlar iki sany eseri ýerine ýetirmeli:
1) Türkmen kompozitorynyň bir eseri;
2) Daşary ýurt kompozitorynyň bir eseri.

Geçiş tertibi: Festiwal iki tapgyrda geçirilip, 1-nji tapgyryny 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde, 2-nji jemleýji tapgyryny noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde konsertler, maslahatlar, duşuşyklar hem göz öňünde tutulýar.

Emin agzalary: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Festiwalyň şertleri: Festiwala gatnaşmak isleg bildirýänler şu resminamalary tabşyrmaly:

Okuw mekdebiniň, edaranyň ýolbaşçysynyň ýollama haty;
Arza;
Ýörite sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy (ozal tamamlanlar üçin);
9x12 ölçegdäki 1 sany fotosurat çykarylan we elektron görnüşde (ýekelikde ýerine ýetirijiler üçin);
18x24 ölçegdäki 1 sany fotosurat çykarylan we elektron görnüşde (toparlaýyn ýerine ýetirijiler üçin).

Festiwala gatnaşyjylar arzalaryny we beýleki resminamalaryny 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli degişlilikde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerine tabşyrmaly. Görkezilen möhletden gijä galan resminamalar kabul edilmeýär.