Allaýar Çüriýew 1949-njy ýylyň 15-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Magtymguly (öňki Garrygala etraby) etrabynyň Könekesir obasynda doguldy. Şol obada ýerleşýän 5-nji orta mekdepde okady we ony 1966-njy ýylda tamamlap, şol ýylda Magtymguly adyndaky (öňki M.Gorkiý adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girdi. Bu ýokary okuw mekdebini 1971-nji ýylda tamamlap, «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär bolup işe başlady. 1973-1975-nji ýyllarda Moskwada, Ýokary komsomol mekdebinde žurnalistika ugrundan tälim aldy.
1975-1978-nji ýyllarda «Mydam taýýar» gazetinde jogapkär kätip wezipesinde işledi. A. Çüriýew soňra «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktoryň orunbasary (1978-1982), Türkmen telewideniýesinde redaktor, bölüm müdiri, baş redaktor (1982-1986), «Edebiýat we sungat» gazetinde jogapkär kätip (1986-1990), Türkmen radiosynda baş redaktor (1990-1991), «Syýasy söhbetdeş» žurnalynda we gazetinde baş redaktoryň orunbasary (1991-1994), «Galkynyş» gazetinde bölüm müdiri (1997-2000), Türkmenistanyň Weteranlar guramasynda jogapkär guramaçy, jogapkär sekretar (2003-2006) , Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda uly ylmy işgär (2007- 2016) wezipelerinde işledi..
Onuň ilkinji goşgusy 1964-nji ýylda «Mydam taýýar» gazetinde çap boldy.
A.Çüriýew ýurdumyzyň ussat kompozitorlary Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Ata Esadow, Ata Ablyýew, Döwletgeldi Ökdirow, Rejep Gutlyýew, Durdy Nuryýew, Baýram Hudaýnazarow, Gurbandurdy Çaryýew, Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow, Atda Çaryýew, Kakabaý Annanepesow, Şanepes Şanepesow, Gurbanmyrat Nobatow, Rejep Rejebow… bilen ýüzlerçe aýdym, birnäçe kantata döretdi. Olar henize bu güne çenli güneşli topragymyzda ýaňlanyp dur:
«Gel, obamyň lälesi», «Sen aýdymyň aşygy», «Dagly gyz», «Damjalar», «Läläm gideliň bäri», «Deňiz guşum», «Türkmen gyzlary», «Watan», «Watan çagyrýar», «Sensiz», «Gyz ýüregi»...
Bu ugurda özboluşly üstünliklere eýe bolan şahyr Allaýar Çüriýew öz güýjüni publisistika žanrynda-da dokumental eserleriň birnäçesini ýazdy. Bu ugurdan onuň çuňňur mazmunly, saldamly kitaplary bar: «Ýürek ýatlamasy» (1986), «Ýüregiň emri bilen» (1989), «Ömür kyssasy» (1991), «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» (1990).
Allaýar Çüriýewiň ilkinji goşgular ýygyndysy «Çynar» (1982) ady bilen neşir edildi. Soňra onuň «Alty aýdym» (1982), «Bereket» (1986), «Zeminiň owazy» (1989), «Seniň söýdük gara gözleň» (2009), «Galkynan göwün» (2019) ýaly goşgular kitaby okyjylara ýetirildi.
Allaýar Çüriýewiň (kompozitor Ata Esadow bilen bilelikde) «Parahatlyk ýalkymy» (1991) atly aýdymlar kitaby hem aýdym muşdaklary üçin gowy sowgat boldy. Allaýar Çüriýewiň türkmen kompozitorlary hakda aýry-aýrylykda gürrüň berýän oçerkler ýygyndysy (saz sungatyny öwrenji W.Larionow bilen bilelikde) 1990-njy ýylda neşir edildi. Ol «Çary Aşyrow», «Muhammetguly Atabaýew» atly dokumental telefilmleriň edebi esasynyň hem awtorydyr.
A.Çüriýew Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi (1989), Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň (2001) hem ýeňijisidir.
Ol häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutytynyň uly ylmy işgäridir. Х1Х –ХХ asyrlarda ýaşap geçen daşary ýurtly gündogary öwreniji alymlar A.Hodzkonyň, professor Mürze Aleksandr Kazymbegiň, professor I.N. Bereziniň, akademik A.N.Samoýlowiçiň, N.Ostroumowyň, akademik A. Krymskiniň, F.Bakuliniň, A. Býornsyň... türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren taýsyz hyzmatlaryny öwrenmek bilen, ol metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş edýär.