Rozy Muhamediýew


Rozy Muhamediýew



Rozy Muhamediýew 1936-njy ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Ajy obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. 1954-nji ýylda Kerki şäherindäki 4-nji orta mekdebini tamamlaýar we şol ýyl Aşgabatdaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde okuwa girýär. 1959-njy ýylda şol uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetini üstünlikli tamamlap, Kerki etrabynyň Daşlyk obasyndaky 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar.
R.Muhamediýew soňra etrap bilim bölüminde hünärmen, usulyýet merkeziniň müdiri, etrap bilim bölüminiň müdiri, «Türkmen gündogary» (şol wagtky «Lenin ýoly») welaýat gazetinde habarçy-žurnalist, Kerki etrabynyň «Pagtaçy» gazetinde baş redaktoryň orunbasary, baş redaktory, şeýle-de Kerki pedagogik uçilişesinde mugallym wezipelerinde işleýär. Ol 1998-nji ýyldan bäri bolsa Kerki etrap medeniýet bölüminiň düzümindäki Bagşylar öýüne ýolbaşçylyk edip gelýär.
R.Muhamediýew bagşyçylyk senediniň ilkinji sapaklaryny öz kakasy Gurbanguly Muhammetjuma oglundan alýar. Dutar tutmany, perde basmany we şelpeli kakuwlary höwes hem ezberlik bilen öwrendi. Soňra oňa öz obadaşy, meşhur Haky bagşy halypalyk edýär. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedow bolsa onuň ikinji esasy halypasydyr, ussadydyr. Bagşynyň esasy bellenilmeli häsiýetli taraplarynyň birisi-de onuň nusgawy bagşyçylyk sungatymyzyň ärsary ýoluny kämilleşdirmekde, ösdürmekde ýiti zehin, ukyp-ylham hem ussatlarça başarjaňlyk görkezip bilýändigidir.

Bagşy Rozy Muhamediýewiň sungat dünýäsine gaýratly gadam basmagy bilen häzirki döwre çenli geçen döredijilikli ýoly gyzyklydyr we aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Ol 1955-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünligine-dekadasyna gatnaşdy. Talyplyk ýyllarynda uniwersitetiň çeper höwesjeňleriniň düzüminde çykyş edip, bagşyçylyk senedine öçmejek yz galdyran Gurbandurdy Jenow, Dörtguly Durdyýew, Ata Ablyýew, Annageldi Jülgäýew, Döwletgeldi Ökdürow, Baýram Çerkezow, Mämmet Orusow, Halykberdi Gurbansähedow, Joşan Emekow ýaly bagşylar we bagşyşynaslar bilen ýakyn gatnaşykda boldy. Bu oňa özboluşly döredijilik mekdebi bolup hyzmat etdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda onuň zehini has-da alawlandy. Ol Lebaply bagşylaryň uly sanawly toparyny özünde jemlän «Lebaply bagşylaryň saz-söhbetli döwresi» atly döredijilik ýygnanyşygyna halypalyk etdi. Ýurt derejesinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyp, onda şägirtleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gurady.

Häzirki wagtda Rozy Muhamediýew 500 töweregi aýdymdyr sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Bulardan başga-da ol öz halypalaryndan öwrenen birnäçe dessanlary, şol sanda «Magtymguly-Pyragy», «Saýatly-Hemra», «Ýusup-Ahmet» dessanlaryny, «Görogly» şadessanynyň «Kempir», «Harmandäli», «Göroglynyň» garrylyk çagy şahalaryny toý-märekelerde ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Rozy Muhamediýewiň ýerine ýetirmeginde «Magtymguly Pyragy» atly dessany, «Görogly» şadessanynyň «Kempir» şahasy Türkmen telewideniýesiniň «Miras» teleýaýlymy «Altyn fonduna» ýazgy etdi. Ol dessanlar birnäçe gezek teletomaşaçylara görkezildi. Şeýle-de bagşynyň 70-den gowrak aýdymlaryny, 10-dan gowrak sazlaryny, şol sanda «Demir donly», «Ýusup soltanym», «Armanym galmady», «Näzlim», «Seýle geledir», «Islärin», «Janyňdan», «Garasaç», «Har etmen», «Bilmezmiň», «Balam sen», «Goňurbaş», «Hajybibi» ýaly aýdymdyr sazlaryny «Miras», «Türkmen owazy» teleýaýlymlary ýazga geçirdi.
Hormatly Arkadag Prezidentimiz gecmişi öwrenmek, gecmişde ýaşap geçen bagşy-sazandalyň döredijilik aýratynlyklaryny öwrenmek we olary ýaş nesle öwretmek işleriniň yzygiderli dowam etdirilmelidigini aýratyn nygtap, ünsümizi çekýär. Şu jähtden ugur alyp, bagşy R.Muhamediýew hem birnäçe işleri amala aşyrdy. Oňa mysal edip, R.Muhamediýewiň galamynyň aşagyndan çykan «Halypa–şägirtlik ussatlyk ýoldur», «Ömrüni aýdyma bagş eden bagşy», «Ýadygär bolsun» atly kitaplaryny, «Kyrkar bagşy», «Saza sežde kylyp dogan bolanlar», «Bagşyçylygyň ärsary ýoly barada ýene bir kelam», «Meniň aýdym-saz döredijiligim», «Hüwdüden dörän «Balam sen» we beýleki makalalardyr beýanetleri görkezmek bolar.

Rozy aga ussatlardan sapak alan halypaly we özi-de halypalyk derejesine ýeten köp şägirtli, gaýtalanmajak zehinli bagşydyr. R.Muhamediýew birnäçe sylaglaryň, sowgatlaryň, hormatly atlaryň eýesidir. Ol 1970-nji ýylda «Zähmet edermenligi üçin» diýen medal, 1975-nji ýylda «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen nyşan bilen sylaglandy, 1980-nji ýylda ol SSSR žurnalistler soýuzynyň agzalygyna kabul edildi. 1990-njy ýylda bolsa oňa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Ýokary derejeli mugallym» diýen dereje berildi. Ol dürli ýyllarda «Hormat hatlaryň», gymmat bahaly sowgatlaryň birnäçesi bilen sylaglandy.
2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda bolsa oňa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen belent hormatly ady dakyldy. 2017-nji ýylda bolsa R.Muhamediýewe yurdumyzyň milli medeniýetini we saz sungatyny ösdürmekde, döredijilik işgärlerini taýýarlamakda uly üstünlikleri gazanandygy üçin, hünär ussatlygy bilen Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmeti, joşgunly zehini nazara alnyp, şeýle hem «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen belent hormatly at dakyldy.