Durdy Saparow
(1917-1978 )
Durdy Saparow 1917-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Baharly stansiýasynda dünýä inýär. Ol zähmet ýoluna Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde başlaýar. Işleýän kärhanasynda çeper höwesjeňlere işjeň gatnaşýar we sungat älemine gadam basmak maksady bilen, 1935-nji ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky artistleri taýýarlaýan 3 ýyllyk okuwa girýär. Ol bu ýerde okaýarka, teatryň sahnasynda goýulýan spektakllarda kiçeňräk keşpleri janlandyrýar. 1936-1941-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynda režissýorlary taýýarlaýyş bölüminde okaýar. 1941-1945-nji ýyllar aralygy Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan soň 1946-njy ýyldan başlap türkmen radiosynda baş režissýor bolup işleýär. Zehinli artist türkmen radiosynda bu wezipede işlän döwri täsirli radio oýunlaryň onlarçasyny döredýär. Durdy Saparow türkmen kino sungatynyň ilkinji artistleriniň biri hökmünde tanalýar.
1959-njy ýylda kinorežissýor H.Agahanow «Ilkinji ekzamen» atly filmde Durdy Saparowa baş gahryman Merediň keşbini ynanýar. Şonda ol ilkinji gezek ýanýoldaşy Ogujahan Mämikowa bilen bu filmde är-aýal bolup çykyş edýär. D.Saparow diňe bir türkmen filmlerinde çykyş etmän, eýsem daşary ýurt filmlerinde «Özbekfilmiň» we «Mosfilmiň» önümi bolan kinolarda hem keşpleri janlandyrýar. Onuň «Türkmenfilm» kinostudiýasynda janlandyran keşplerinden kinorežissýor M.Atahanowyň «Daşgaladaky waka», filminde Berdi Akyýewiň, A.Garlyýewiň «Aýratyn tabşyryk» filminde Çary partizanyň, «Aýan» filminde Allaýar hanyň, «Aýgytly ädimde» Halnazar baýyň, «Magtymgulyda» Nazar aganyň, «Mukamyň syrynda» çopanyň, «Japbaklar» kinosynda iki keşbi - baýyň hem-de işanyň keşplerini, «Meniň dostum Meleguşda» çary aganyň, şol sanda «Döwranyň başdan geçirenlerinde», «Ýartygulakda», «Ýuwaş gelinde» döreden keşpleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. D.Saparow «Özbekfilm» kinostudiýasynyň döreden «Gyzyl gum» atly çeper filminde hem ussatlarça, ýatdan çykmajak keşp janlandyrdy.
Onuň janlandyran keşplerinde üýtgeşik täsin gülki bar. Muňa mysal hökmünde «Döwranyň başdan geçirenleri» we «Meniň dosdum Meleguş» atly çeper filmlerinde janlandyran käbir görnüşler mysal bolup biler. Kinorežissýorlar S.Garajaýewiň we A.Çernowyň bilelikde döreden «Ýuwaş gelin» atly filinmde hem artistiň janlandyran gülküli keşbi tomaşaçylaryň ýatlarynda hemişelik galdy. D.Saparowyň artist bolup oýnan filmleriniň sany 20-ä golaýlaýar. Onuň türkmen radiosynda zehin siňdirip, halkymyzyň edebi mirasyndan taýýarlap, diňleýjilere ýetiren radio oýunlarynyň sany hem birnäçedir. Türkmen telewideniýesiniň taryhy basgançagynyň ilkinji düýbüni tutujylaryň biri hökmünde döwrüniň onlarça tele oýunlaryna režissýorlyk etdi. Telewideniýäniň «Dana babanyň gürrüňlerinden» atly gepleşikde Dana babanyň keşbinde çykyş edip, halk söýgüsini gazandy. D.Saparow özüniň üýtgeşikden ýakymly sesi bilen ençeme filmi türkmen diline geçirmekde hem ussatlyk görkezdi. Ol ömrüniň baş manysyna öwrülen milli sungata gulluk etmek işinde gujur-gaýratyny gaýgyrmady. Türkmen teatrynyň we kinosynyň meşhur artisti, türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň ussat režissýory D.Saparow uzak ýyllaryň dowamynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.