Kakabaý Durdyýew
(1920-1996 )
Kakabaý Durdyýew 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Ol 1933-nji ýylda orta mek¬de¬bi ta¬mam¬la¬ndan soň, Aşgabat şäherindäki Demir ýol okuw merkezine okuwa girýär. Ol şol okuw merkezi 1937-nji ýylda ýylda tamamlaýar. Ol 1938-nji ýylda merhum dramaturg Baýram Annanurowyň açan drama gurnagyna gatnaýar. Onuň sahnada ilkinji gezek ýerine ýetiren keşbi «Galtamanlar» atly spektaklynda Karl Mooryň keşbi bolýar. Soňra ol 1937-1940-njy ýyllarda Mollanepes adyndaky Türk¬men döw¬let akademiki drama te¬at¬ry¬nyň (häzirki Baş drama teatry) ýa¬nyn¬da¬ky stu¬di¬ýa¬syn¬da oka¬ýar. Ol okuwyny üstünlikli tamamlap ýaş artist hökmünde Türk¬men döw¬let drama te¬at¬ry¬nda zähmet ýoluna başlaýar. Şondan soň, ol teatr sungatyna bütin ömrüni bagyş edýär. Ol irginsiz zähmet çekmänem, özüniň ýiti zehinini ýerlikli ulanmagam başaran ussat artist hökmünde tanalýar. Onuň döreden gahrymanlary, ýaş tarapdanam, häsiýet tarapdanam biri-birine meňzemeýän keşplerdir. Wagtyň geçmegi bilen Kakabaý Durdyýewiň sahna gahrymanlarynyň örüsi giňäp başlaýar.
Şunlukda Kakabaý Durdyýew teatryň sahnasynda Trenýewiň «Lýubow Ýarowaýa» oýnunda Žarowyň, B.Amanowyň «Kemine» oýnunda Şüküriň, W.Şekspiriň «Korol Lir» oýnunda gersog Karnoeliň, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» oýnunda Halnazar baýyň, «Baý we batrak» oýnunda Gapur batragyň, A.Gowşudowyň «Juma» oýnunda Jumanyň, W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Kaseponyň, B.Amanowyň «Hazynalar adasy» oýnunda Menşikowyň, «Gujurly Jeren» oýnunda şanyň, «Jedel» oýnunda Kadyr aganyň, G.Fleýrodonyň «Ezop» oýnunda Ksanfyň, N.Ostrowskiniň «Derňewçi» oýnunda Hlestakowyň, «Emiriň ilçisi» oýnunda Kulyýewiň, B.Kerbabaýewiň «Magtymguly» oýnunda Fettahyň, «Keýmir kör» oýnunda Ugurly hanyň, «Rus meselesi» oýnunda amerikan ýazyjysy Garri Smitiň, «Garyplyk aýyp zat däl» oýnunda Mitýanyň, keşplerini ýerine ýetirýär. Öz ýiti zehini, ussatlygy bilen sahnada döreden ajaýyp keşpleri bilen giň tomaşaçylar köpçüligine äşgär bolup başlar. Onuň ussatlyk bilen döreden keşplerini tomaşaçylar örän gyzgyn garşylaýarlar. Ol keşbe gelişäýjek täsirli sahna serişdelerini saýlap almaga juda ezber bolupdyr. Baba Annanowyň «Mollanepes» dramasyndaky Babahan ahunyň keşbini ol özüni sahnada saýhally, agras we sypaýy alyp barypdyr. Özbek dramaturgy Hamza Hekimzada Nyýazynyň «Baý we batrak» dramasyndaky Gapuryň keşbini K.Durdyýew özboluşly reňke çaýyp bilipdir.
Kakabaý Durdyýew 1948-nji ýylda partiýa mekdebini, şeýle hem 1951-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň öňki Leningrad şäherindäki A.N.Ostrowskiý adyndaky döwlet teatr institutynyň sungat işgärlerini kämilleşdiriş kursuny tamamlaýar. Ol spektakllarda keşpleri ýerine ýetirmeklik bilen birlikde Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda okaýan zehinli ýaş oglan-gyzlara estetika dersinden sapak berýär.
Kakabaý Durdyýew ussat artist hökmünde B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» oýnunda Moýsepidiň, G.Burunowyň «Seýdi» oýnunda Gammar aganyň, B.Kerbabaýewiň «Hüýrlukga-Hemra» oýnunda Hemranyň, G.Burunowyň «Arslan» oýnunda Arslanyň, B.Amanowyň «Soltan Sanjar» oýnunda Merdanyň keşplerini hem ussatlyk bilen döretdi.
Zehinli artist Kakabaý Durdyýew türkmen teatr sungatyny ösdürmekde we onuň kämilleşmeginde bitiren hyzmatlary üçin 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.
