Öwezguly Gelenow
Öwezguly Gelenow 1949-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Tutly obasynda dünýä inýär. Ol 1973-nji ýylda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral institutyny tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebinde okaýarka, Waşinowskiniň «Optimist tragediýa» spektaklynda Alekseýiň, Molýeriň «Jenap de Pursonýak» atly oýnunda Pursonýagyň, Ostrowskiniň «Tupan» dramasynda Borisiň keşbini janlandyrýar. Bu ilkinji synag keşpler Ö.Gelenowyň ussat artist boup ýetişmegine goldaw bolýar.
Ol 1973-nji ýylda instituty tamamlap, ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti bolup işe başlaýar. Bu teatrda ol N.Jumaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda baş keşbi janlandyrýar we teatr tomaşaçylarynyň arasynda uly söýgä mynasyp bolýar. Soňra ol Magtymguly Pyragynyň 200 ýyllygyna niýetläp, A.Agabaýewiň ýazan «Magtymguly» atly spektaklynda goja Pyragynyň keşbini ýerine ýetirýär. Öwezguly Gelenow «Otelloda» Otellonyň, «Jelaleddin soltanda» Çingiz hanyň, «Nusaý söýgüsinde» baş keşbi janlandyrdy. Şeýle hem režissýor hökmünde «Şapak» we «Müneçjim» atly spektakllary özbaşdak sahnalaşdyrýar.
Ö.Gelenow 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti bolup işleýär. Ol bu teatrda sahnalaşdyrylan «Şasenem-Garyp» spektaklynda Şa Apbasyň, «Hüýrlukga-Hemrada Hysrow şanyň, «Sen kalbymyň soltany» oýnunda Şanyň, «Agzybirlik ýylysydyr ojagyňda» Arslanyň, «Päk söýginiň güýjünde» žurnalistiň, «Ykbal öwrümlerinde» Jumanyň, «Törebeg hanym» spektaklynda Zereň begiň, «Arşin mal alan» oýnunda Soltanbegiň, «Bir selbiniň yşgynda» spektaklynda Garlynyň keşplerini, şol sanda «Söýgi we hasratda» baş keşbi janlandyrýar. Ol G.Kakabaýewiň sahnalaşdyran «Watan hakda üç aýdym» atly spektaklda Gurbanmyrat işanyň keşbini özboluşly janlandyrdy. «Ýurt» atly spektaklda bolsa ol derwüşiň keşbini ussatlyk bilen döretdi. Ol soňky ýyllarda N.Rejebowyň «Gyrat» spektaklynda Balybegi, G.Kakabaýewiň «Magtymguly» spektaklynda Hanyň, G.Daňatarowyň «Täze maşgala» spektaklynda Ussa aganyň, A.Warfolomeýewiň «Ýagşyzada we Haramzada» spektaklynda Tumançikowyň, G.Daňatarowyň «Tumar şa» spektaklynda Goja Gerodotyň, Z.Zaýnulliniň «Alty gelin» spektaklynda Bambur Gobaýyň keşplerini döretdi.
Ö.Gelenow diňe bir teatrda keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem kino sungatynda-da öz goşandyny goşýan artist. Ol «Altynyň öwüşgini» filminde Muhammediň, «Hesretli söýgi hakda hekaýat» filminde Ýusubyň, «Ykbal synaglary» filminde Garyparyň, «Ýok diýmäni başar» filminde Toýçynyň, «Küştçi» filminde Ballagyň, «Şaýly gelin» filminde Nutdy aganyň, «Günüm söýgiden başlanýar» filminde Hudaýberdi gyjakçynyň, «Mäne baba» filminde Ibn Saýadyň, «Ýalkamyş bagşy» filminde Ibnkamazyň, «Tapagan» filminde başlygyň, «Mährem çynar» filminde rektoryň, «Watan sözi mukaddesdir» filmlerinde Mody başlygyň «Kalbyň senasy» filminde Abdylkasymyň keşplerini ýerine ýetirdi. Ö.Gelenow režissýor hökmünde «Şapak», «Münejjim» ýaly spektakllary-da sahnalaşdyrdy. Bu sahna oýunlary uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň uly höwes bilen tomaşa edýän spektakllaryna öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp edýän ajaýyp eserleri döretmekde görkezen ýokary ussatlygy üçin Ö.Gelenowa 1989-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar dakyldy.