Annageldi Källiýew


Annageldi Källiýew



Şahyr Annageldi Källiýew 1961-nji ýylyň 9-njy aprelinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çöňür geňeşliginde dünýä inýär. Ol obadaky mekdebi tamamlap, ilki paýtagtymyzda ýerleşýän şol döwürdäki Mehanizasiýa tehnikumyna okuwa girýär. Soňra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girip, 1985-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini ykdysatçy-hasapçy hünäri boýunça tamamlaýar. A.Källiýew 1985-2016-njy ýyllarda ykdysadyýet ugrundan dürli kärlerde zähmet çekýär.
Annageldi Källiýew häzirki döwürde Mary welaýatynyň «Maru – Şahu Jahan» gazetiniň uly habarçysy bolup işlemek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişleri, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz hakynda ençeme eserleri – goşgulary, makalalary, oýlanmalary yzygiderli ýazýar. Şahyr A.Källiýew öz döwrebap eserleri bilen «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat», «Türkmen dünýäsi», «Maru – Şahu Jahan» gazetlerinde hem-de beýleki gazet-žurnallarda yzygiderli çykyş edýär.
Şahyryň 2001-nji ýylda «Meniň guwanjym», 2007-nji ýylda «Ýaşlygym», 2011-nji ýylda bolsa «Ýaşyl begresli baharym» atly kitaplary neşir edildi. Bu kitaplardaky goşgularyň her biri şahyryň ylham dünýäsinde kemala gelen, Watana, halka, topraga, tebigata buýsanjyny, söýgüsini çeper beýan edýän şygryýet eseridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýatynyň täze, döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmäge goşan saldamly goşantlary nazara alnyp, Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, şahyr Annageldi Källiýew 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanyldy. Özüniň döwrebap, kämil goşgulary bilen ol 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiniň ýeňijisi boldy.

-Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren ajaýyp döwri, bagtyýar zamanasy biziň kalbymyzda bimöçber buýsanjy, egsilmez ylhamy kemala getirdi. Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy meniň esasy ylham çeşmäm. Hormatly Prezidentimiziň belent paýhas-pähime eýlenen dürdäne eserlerini yzygiderli okap, öwrenip, joşgunly goşgulary döretmäge, ajaýyp döwrümizi has-da buýsançly wasp etmäge ruhlanýaryn.
Biziň döwrebap eserleri döretmegimiz, işlemegimiz üçin ähli şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň jan sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! – diýip, Annageldi Källiýew ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Şahyr 2015-nji ýylda Lebap, 2016-njy ýylda Mary, 2017-nji ýylda Ahal welaýatlarynda geçirilen Medeniýet hepdeliklerine gatnaşdy. Bu hepdelikleriň her birinde guralan çärelerde çykyş edip, öz goşgulary bilen okyjylaryň göwnüni awlady.
A.Källiýewiň sözlerine ýurdumyzyň kompozitorlary «Biz bagtyýar Siziň bilen, Arkadag!», «Watan», «Eziz Watan», «Bitarap Watanym Türkmenistanym», «Türkmen sporty», «Galkyn Baýdagym», «Läläm», «Mähribanym», «Seni küýseýän», «Men seni söýdüm» ýaly onlarça aýdymlary döretdiler. Bu aýdymlar Türkmenistanyň halk artistleri Kakageldi Çaryýewiň, Suhan Orazberdiýewiň, Sahydursun Hojakowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Berdi Geldiýewiň, Ýusup Garýagdyýewiň, Durmuş Rejebowyň ýerine ýetirmeklerinde baýramçylyk dabaralarynda, teleýaýlymlarda yzygiderli ýaňlanyp gelýär.
A.Källiýew häzirki döwürde ýaş şahyrlara halypaçylyk etmek bilen birlikde, ýurdumyzda guralýan baýramçylyk çärelerine yzygiderli gatnaşýar.