Halyl Kulyýew


Halyl Kulyýew
(1936-1978)



Meşhur şahyr Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Şyharyk obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Şahyr obasyndaky orta mekdebi tamamlap, şol mekdep¬de mugallym bolup işleýär. 1955-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär.
Ol talyplyk ýyllarynda Nyzamy, Jamy, Nowaýy, Magtymguly, Mollanepes ýaly Gündogaryň söz ussatlary bilen bir hatarda A.S.Puşkin, S.Ýesenin, W.G. Belinskiý, N.G.Çernyşewskiý, N.A.Dobrolýubow ýaly rus ýazyjy-şahyrlarynyň, edebiýatçylarynyň eserlerini hem-de beýleki halklaryň edebiýatyny ürç edip okaýar, çeper döredijiligiň tebigatyna düşünmäge çalyşýar. Onuň özi-de goşgulardyr edebi-tankydy makalalary ýazmaga başlaýar. Halyl Kulyýewiň goşgulary, makalalary, edebi eserlere ýazan synlary talyplyk ýyllarynda gazet-žurnallarda çap edilýär. 1960-njy ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlansoň ony uniwersitetiň edebiýat kafedrasynda mugallym edip işe alyp galýarlar. Ol uniwersitetde edebiýat ylmyna giriş, edebiýat teoriýasynyň esaslary derslerinden talyplara sapak berýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Daň agarýar» ady bilen (1967 ý.) neşir edilýär. «Säher salamy» (1977 ý.) atly ikinji kitaby onuň dürli ýyllarda ýazan goşgularyny we «Akar suw» atly poemasyny öz içine alýar.
H.Kulyýew geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň türkmen dramaturgiýasynyň meselelerini ylmy taýdan öwrenip, kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar we «Dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alýar. 1983-nji ýylda şahyryň öňki kitaplaryna giren we girmedik eserleri jemle¬nilip, «Güneş» ady bilen neşir edilýär. H.Kulyýewiň «Ertekiniň gelip çykyşy» powesti 1988-nji ýylda özbaşdak kitap görnüşinde okyjylara gowuşýar.

H.Kulyýewiň döredijiligi ylmy taýdan öwrenildi. Alym Reýimberdi Atakow şahyryň poeziýasy barada kan¬didatlyk dissertasiýasyny ýazdy. Edebiýatçy alymyň bu ylmy işi «Halyl Kulyýew – lirik şahyr» diýen at bilen kitap görnüşinde 1995-nji ýylda neşir edildi. Ýigriminji asyryň altmyşynjy ýyllarynda G.Ezizow, A.Agabaýew, I.Nuryýew, K.Ylýasow ýaly şahyrlar bilen bir hatarda H.Kulyýew hem ýaş şahyr hökmün¬de adygýar. Onuň gazet-žurnallarda çap edilýän her bir goşgusy okyjylar tarapyndan hem, edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzgyn garşylanýar. Ussat şahyryň bahar pasly ýaly gözel, mylaýym, çuň lirizme, mähir-muhabbete ýugru¬lan poeziýasy bar. Şahyryň şygyrlarynda ynsan gözelligi bilen tebigat gözelligi täsin baglanyşykda wasp edilýär. Ol goşgulary okanyňda, tebigatyň gözel keşbi göz öňüňde jan¬lanýar, göwnüň açylýar, ýüregiň joşa gelýär. Ol liriki poeziýanyň ussady hökmünde okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Şahyryň goşgularynyň formasy mazmunyna laýyk gelýär. Olar sada, tebigy we halky, milli äheňlere ýugrulan. Olarda many-mazmun, pikir aýdyň. Şahyr şygyrlarynda öz döwrüniň, beýan edýän wakasynyň, suratlandyrýan adamynyň janly keşbini ussatlyk bilen çek¬megi başarýar. Halylyň çagalygy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüne gabat gelýär. Şahyryň uruş temasyndan ýazylan ençeme goşgulary bar. Olarda urşuň adamzadyň kalbyna salan agyr ýarasy, halkymyzyň watansöýüjilik, mertlik, ruhubelent¬lik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri hakyky durmuş wakalarynyň, çuňňur pelsepäniň, inçe ynsan duýgularynyň üsti bilen berilýär.