Muhammetguly Kasymow


Muhammetguly Kasymow



Muhammetguly Kasymow 1963-nji ýylyň 5-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Gökje geňeşliginde eneden bolýar. 1981-1985-nji ýyllarda ozalky Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň drama we kino aktýory bölüminde okap, aktýorçylyk hünäriniň eýesi bolýar. Şol ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluna başlaýar.
Heniz institutda drama we kino aktýory hünäri boýunça okap ýörkä (1983ý.) Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Harmandäli» oýnunda Kerimiň keşbi Muhammetguly Kasymowyň teatryň sahnasynda döreden ilkinji keşbi bolýar. Türkmenistanyň baş drama teatrynyň sahnasyndan tas ýarym asyr bäri düşmän gelýän «Gelinler» komediýasynda Togtanyň, esgeriň keşplerinde, «Keýmir körde» Rejebiň keşbinde, «Gyz salgydynda» Remezanyň keşbinde, «Nesimide» talybyň, «Mollanepes» spektaklynda Mollanepesiň, «Leýli-Mežnunda» Mežnunyň, «Bakylyk binýady» spektaklynda Adam atanyň, Magtymgulynyň, «Türkmennamada» Döwletýaryň, «Hüýrlukga-Hemrada» Hemranyň keşplerinde çykyş etdi, hiç kimiňkä meňzemeýän, özboluşly keşpleri döretdi. Ýokarky mysallardan görnüşi ýaly M.Kasymowyň döredijilik örüsi has giň, ol tragediýadyr dramalarda baş gahrymanlaryň keşplerini döredişi ýaly, komediýalarda hem keşpleriň onlarçasyny döretdi. Mysal üçin, türkmen tomaşaçysynyň ürç edip görýän spektakllary bolan «Japbaklarda» Mapbagyň, «O dünýä syýahatda» Nekiriň, «Säginmäň sallahlarda» Metdiniň keşplerini döretdi. Soňra ol teatryň milli edebi mirasymyza salgylanyp sahnalaşdyran «Nejep oglan» atly spektaklda Nejebiň keşbini ussatlarça janlandyrýar. Ol tomaşaçylaryň aňynda «Gala» atly spektaklyndaky Däli bagşynyň keşbi bilen galmagy başardy. Oňa bu keşbi üçin 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berildi.
2014-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ählihalk baýramçylygynyň – mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» atly romany esasynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan adybir oýnuň ilkinji gezek görkezilişi boldy. M.Kasymow bu spektaklda Han Geldiýewiň keşbini janlandyrdy.

M.Kasymow diňe bir teatryň sahnasynda keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem kino sungatynda hem halkyň söýgüli artistleriniň biri hökmünde tanalýar. Görnükli artisti giň tomaşaçylar köpçüligi Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Hesretli söýgi kyssasy» atly çeper filminde Söhbetiň keşbini döredeninden soň tanap başlady. Bu filmdäki aýdymlar il içine ýaýrady, artiste meşhurlyk getirdi. Şondan soňam Muhammetguly Kasymow türkmen filmleriniň onlarçasynda ekrana çykdy. «Lukman Hekimde» Kethudanyň, «Burkut babada» Isanyň, «Ata hem ogulda» Seýis Hemranyň, «Ýyldyzlar öçmeýärde» Seýsiň, «Taňrynyň gudratynda» Ybraýymyň, «Garagumyň bürgütlerinde» bölüm başlygynyň keşplerini döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol häzir Türkmen döwlet medeniýet instutynda işleýär.
Teatr hem kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin M.Kasymowa 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar.