Gözel Çommyýewa


Gözel Çommyýewa



Gözel Çommyýewa 1962-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş obasynda eneden bolýar. 1983-nji ýylda Daşoguz şäherindäki M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebini halk teatrynyň režissýory hünäri boýunça tamamlaýar. 1988-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny teatr we kino artisti hünäri boýunça okady. Ol instituty tamamlap, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti bolup işe başlaýar. Ol bu teatryň sahnasynda Molýeriň «Zoraýakdan lukman bolan» okuw spektaklynda enekäniň keşbini janlandyrdy. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň Ç.Aýtmatowyň «Deňiz ýakasynda gezýän alaköpek» atly eseri esasynda sahnalaşdyrlan «Gök syçanjyk suw beräý» atly spektaklynda Muzlygyň keşbini janlandyrdy. Bu keşp üçin G.Çommyýewa 1989-njy ýylda Türkmenistanyň teatrlarynyň arasynda geçirilen teatr festiwalynda «Ýylyň artisti» diýen baýraga eýe bolýar. Soňra G.Çommyýewa ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda işini dowam edýär.
Şu geçen ýyllaryň içinde G.Çommyýewa teatryň inçe syrlaryny ezberlik bilen öwrenip, ýatda galyjy keşpleriň ençemesini döretdi. Ol «Aýaz baba nirde sen?» oýnunda gyzjagazyň, Güntekiniň «Amanat giýew» oýnunda Zöhräniň, Ilowaýskiniň «Çandunyň başdan geçirenleri» oýnunda Çanduwyň, A.Orlowyň «Altyn jüýje» oýnunda jüýjejigiň, «Aç möjek» oýnunda tilkiniň, «Gyrat» oýnunda kempiriň, N.Rejebowyň «Jahan jomardy» oýnunda kempiriň, H.Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» oýnunda Şeker şeriň, G.Daňatarowyň «Şadyýan sazandalar» oýnunda Garganyň, «Jadyly sogan» oýnunda gyzjagazyň, G.Daňatarowyň «Aşyk Peýker» oýnunda Tuwagyň, G.Daňatarowyň «Bir bakyşda söýen ýarym» oýnunda Uzynowanyň, «Gurbagajyk» oýnunda Gurbaganyň, G.Daňatarowyň «Kabyl-Habyl» oýnunda şeýtanyň, G.Kakabaýewiň «Magtymguly Pyragy» oýnunda hindi aýalynyň, G.Kakabaýewiň «Galkynan göwünler» oýnunda Tisgin Tebibiň, A.Mämiliýewiň «Toý» oýnunda garry aýalyň, G.Daňatarowyň «Gyz ömri gylsyrat» oýnunda kempiriň keşplerini döretdi.

Belli režissýor B.Seýdyllaýew bilen birnäçe çagalar üçin goýlan sahna oýunlarynda režissýoruň kömekçisi hökmünde «Bir aždarha bar eken», «Ketekde kim ýaşaýar?!», «Garry möjek», «Aç möjek», «Şäher erekisi», «Ýolbarsyň towuk ketegi», «Jadygöýüň agyryly dişi» atly spektakllarda öz režissýorlyk ukybyny görkezdi. Halypasy B.Seýdullaýewiň sahnalaşdyran «Çanduwyň başdan geçirenleri» spektaklyny gaýtadan dikeldip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Gözel Çommyýewa Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Ak ýaýlanyň aýdymy» filminde balçynyň aýalynyň, «Ömür kerweni» filminde osmakçy aýalyň, «Söýgi kenary» filminde çaýhanaçy aýalyň keşplerini döretdi.
Ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, ýokary ussatlygy we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada eýe boldy.