Bazar Şalyýew


Bazar Şalyýew



Şahyr Bazar Şalyýew 1951-nji ýylyň 18-nji maýynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginde dünýä inýär. Oba mekdebini tamamlansoň, 1967-nji ýylda Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň radiouzeliniň radisti bolup zähmet ýoluna başlaýar. 1969-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, 1974-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Soňra 1974-1976-njy ýyllarda häzirki «Ahal durmuşy» gazetiniň habarçysy, 1976-1977-nji ýyllarda häzirki «Türkmen gündogary» gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. 1977-nji ýyldan 1982-nji ýyla çenli etrapda dürli kärlerde, 1982-2014-nji ýyllarda Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary bolup zähmet çekýär. Ol 2014-nji ýylda hormatly dynç alşa çykýar.
Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýän şahyryň «Kepderi» atly ilkinji goşgusy ol 10-njy synpda okaýarka, 1966-njy ýylda «Mydam taýýar» gazetinde çap edilipdi.
Bazar Şalyýewiň dürli ýyllarda döreden goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Halypa şahyryň «Ynam» atly goşgular kitaby 2018-nji ýylda, «Hasyl» atly goşgular kitaby bolsa 2019-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip okyjylara ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, ýurdumyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, nesil terbiýesi, tebigat gözellikleri ýaly temalardan söhbet açýan manyly goşgular bu kitaplarda ýerleşdirildi.
Bazar Şalyýewiň goşgulary häzirki döwürde «Edebiýat we sungat», «Türkmen gündogary» gazetlerinde, «Garagum», «Zenan kalby», «Medeniýet» žurnallarynda we beýleki gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilýär.

Bazar Şalyýewiň türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp döwrümiziň waspçysyna öwrülen şahyr Bazar Şalyýew ýurdumyzda yzygiderli guralýan döredijilik bäsleşiklerine öz döwrebap eserleri bilen gatnaşýar.
Şahyryň «Adyl Arkadagym bilen», «Ak atyna atlananda Arkadag», «Alkyşnama», «Arkadag binasy», «Arkadag pähminiň sahawatyndan», «Arkadag», «Arkadagly Diýarymda», «Arkadagly Watanym», «Arkadagym bar», «Arkadagyň ak ýoly», «Arkadagyň sahawaty bilendir» atly goşgularynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan giň gerimli işlerini, durmuşa geçirýän belent maksatlaryny ýürek joşguny, göwün buýsanjy bilen çeper wasp edýär. «Döwlet guşy», «Okap Arkadagyň melhem kitabyn», «Okap Arkadagyň meşhur eserin» atly goşgulary bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly eserleriniň taryhy ähmiýetini çeper wasp edýär. Bu, megerem, Bazar aganyň Arkadagly Watanymyza söýgüsiniň, buýsanjynyň özboluşly alamatydyr.
Bizem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp döwrümize guwanyp, buýsanyp, ençeme ilhalar eserleri döredip ýören şahyr Bazar Şalyýewe hemişe döredijilik üstünliklerini, maşgala abadançylygyny, uzak ömür arzuw edýäris.