Muhammetnur GURBANGYLYJOW (1932-1987ý.ý.)
Muhammetnur Gurbangylyjow 1932-nji ýylyň 10-njy maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy obasynda dünýä inýär. Ol 1949-njy ýylda orta mekdebi gutarýar. 1950-1954-nji ýyllar aralygynda A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynda okaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda artist bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol soňra 1956-1962-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň döwlet kinematografiýa institutynyň režissýorlary taýýarlaýan bölüminde okaýar.
Şol ýyllarda Muhammetnur Gurbangylyjowyň ady dramaturg hökmünde ýurdumyzyň tomaşaçylaryna belli bolýar. Onuň döreden “Çalaran başlar”, “Şahyryň ölümi”, “Gazçylar” atly sahna eserleri Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda, “Ýetim”, “Öwrümli ýollar”, “Enäniň öýkesi” atly sahna eserleri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda, “Güýç”, “Mukaddes söýgi” atly sahna eserleri A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda, “Söýgini har etmäň...” atly sahna eseri Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda tomaşaçylara görkezildi.
Dramaturg Muhammetnur Gurbangylyjowyň türkmen gazçylarynyň durmuşyna bagyşlap döreden “Şatlygyň şapagy” atly sahna eseri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda goýuldy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň halk teatrlary üçin “Pida”, “Howply ýol” ýaly drama eserlerini ýazýar.
Muhammetnur Gurbangylyjowyň “Şahyryň ölümi” diýen sahna eseri “Gaýda dörän aýdym” ady bilen 1969-njy ýylda aýratyn neşir edilip, okyjylyra ýetirilýär. Dramaturg teatry, sahnany, umuman edebiýaty durmuş hakykatyndan üzňe goýmaýar. Onuň döreden drama eserleriniň iň gymmatly, iň mährem tarapy-da, ol eserlerde durmuş hakykatynyň beýan edilmegidir. Bulardan başga-da, ol türkmen kino sungatyna hem ep-esli goşant goşdy. Onuň döreden “Kaka, bagyşla meni!”, “Ak ýollar”, “Gelin”, “Ýeke durna” ýaly kino eserlerine hem tomaşaçylar köpçüligi oňat baha berdiler.
Muhammetnur Gurbangylyjowyň ýazan birnäçe kyssa eserleri ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerinde okyjylara ýetirildi.