Anna MELÄÝEW


Anna MELÄÝEW



Anna Meläýew 1962-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. Ol Serdar şäherindäki orta mekdebi tamamlap, 1979-njy ýylda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde režissýoryň kömekçisi bolup işe başlaýar. Ol bu ýerde meşhur artistler M.Atahanow, A.Döwletow, H.Müllük, B.Annanow, A.Durdyýew dagy bilen ýakyndan gatnaşykda bolýar. Ol Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen “Jemalyň daragty” atly çeper filminde ilkinji keşbini janlandyrýar. Soňra ol H.Kakabaýewiň “Ýeňiýoluk” we O.Saparowyň “Köşejik” atly çeper filmleriniň surata düşürilmegine gatnaşdy. Ol 1987-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sungat bölümini tamamlaýar.
Anna Meläýew döredijilik ýolunda sungatyň bir aktýorly, ýagny mono-teatr görnüşine ýykgyn edýär. Ol sungatyň bu ugry boýunça 1996-njy ýylda Ukrainanyň Lwow şäherinde “Altyn şir-96” at bilen geçirilen Halkara sungat festiwalyna Ö.Hojagulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan W.Şekspiriň “Korol Lir” atly mono spektakly bilen gatnaşýar. Ol bu sahna oýnunda Korol Liriň keşbini ýekelikde, ussatlyk bilen janlandyrýar. Bu spektakl festiwalda uly üstünlige eýe bolýar. Soňra ol “Gamlet”, “Aşyklar şasy” atly spektakllary mono görnüşine geçirip, sahnalaşdyrýar we Ýewropanyň “Şekspir” atly teatr festiwalyna gatnaşýar. Fransiýanyň Nissa şäherinde bir adamlyk teatrda görnükli iňlis dramaturgy W.Şekspiriň “Korol Lir”, “Gamlet” sahna eserlerini birnäçe gezek halk köpçüligine görkezýär. 2001-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynda Gordano Kosonowiç adyndaky Halkara aktýorçylyk baýragyna eýe bolýar. Şol ýylda Moswada geçirilen Halkara teatr olimpiýadasyna gatnaşýar we “Teatr-dramaturgiýa sungatynyň mekdebi” atly teatrda “Korol Lir” spektakly bilen çykyş edýär. Şonda A.Meläýew belli rus režissýorynyň, ýapon teatr ussadynyň mekdebinde tälim alýar.
Şeýle hem ol 2009-njy ýylda Mollanepesiň ömür-döredijiligine bagyşlanan “Aşyklar şasy” atly mono-spektakly döretdi we bu oýun bilen Eýran Yslam Respublikasynda, Belarus Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda halk köpçüliginiň öňünde çykyş etdi. A.Meläýew bu özboluşly spektakl üçin 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada mynasyp boldy. Anna Meläýew teatryň sahnasynda türkmeniň şöhratly taryhyny, Bagtyýarlyk döwrüniň şu gününi suratlandyrýan sahna eserlerini hem döretmek ugrunda döredijilikli işleýär. Ol häzirki döwürde Türkmen döwlet medeniýet institutynda şol ýokary okuw mekdebiniň teatr fakultetiniň talyplaryna teatr sungaty boýunça ders bermek bilen, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda ençeme ajaýyp spektakllary sahnalaşdyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Olardan “Leýli-Mežnun”, ”Kabyl bilen Habyl”, “Durna umydy”, “Göroglynyň döreýşi”, “Şamçyrag”, “Arşyň nepisligi” we “Kämillige ýol açan döwür”, “Ýüpek rowaýaty” ýaly spektakllardyr.
Anna Meläýew Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze-täze gözlegleriň ugrunda janaýaman zähmet çekýän hem-de sahna sungatynyň inçeliklerini şägirtlerine yhlasly öwredýän halypa artistleriň biri hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy. Ol eýýäm ömrüniň 40 ýyla golaýyny türkmen teatr we kino sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşýar. Zehinli artisti Anna Meläýewe teatr hem kino sungatynda bitiren işleri göz öňünde tutulyp, 1999-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, diýen hormatly at dakylýar. 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglanýar.