Berdi MOLLAÝEW (1925 – 2002 ý.ý.)


Berdi MOLLAÝEW (1925 – 2002 ý.ý.)



Berdi Mollaýew 1925-nji ýylyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dogulýar. Ol başda Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okap, az salym mugallymçylyk edýär. Ýaşlykdan hemrasy bolan artistlik höwesi ony 1943-nji ýylda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň gapysyndan getirýär. Uruş ýyllary bolansoň, ol şol döwürde taýýarlanylan G.Muhtarow bilen B.Pürliýewiň “Söýgi we töhmet”, A.Durdyýewiň “Partizan gyz” atly spektakllarynda baş keşplerde çykyş edýär. Soňky ýyllarda Berdi Mollaýew R.Tagoryň romany esasynda A.Ginzburgyň ýazan “Gang gyzy” atly spektaklynda Nolinikhanyň keşbini ussatlyk bilen döredýär.
Berdi Mollaýew tä ömrüniň ahyryna çenli şol teatrda zähmet çekdi. Teatr onuň ömrüniň örki boldy.
Berdi Mollaýewiň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda köp ýyllaryň dowamynda döreden gahrymanlarynyň hatary gün-günden köpeldi. Olaryň arasynda T.Esenowanyň “Şemşat” atly oýnunda Akmyradyň, Alty Garlyýewiň “Aýna” oýnunda Tahyrowyň, G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” oýnunda Baýramyň, Ç.Aşyrowyň “Ganly saka” oýnunda Çaryýaryň keşpleri artiste uly üstünlik getirdi.
Berdi Mollaýew sahnada üýtgeşik häsiýetlere, dürli keşplere yhlas siňdirdi. G.Burunow bilen B.Amanowyň “Keýmir köründe” Ugurly handyr Nedir şa, B.Kerbabaýewiň “Kim kimi söýýärinde” Kelejar, G.Muhtarow bilen B.Pürliýewiň “Başlygynda” Berdi, K.Gurbannepesowyň “Taýmaz babasynda” goja Taýmaz, H.Akyýew bilen B.Gurbanowyň “Babagambarynda” ussa Dawut ýaly keşpler Berdi Mollaýewiň zehinine ýugruldy.
B.Mollaýew teatryň sahnasynda diňe bir türkmen dramaturglarynyň däl, eýsem, doganlyk halklarynyň hem, nusgawy dramaturglarynyň eserlerinde Hamza Hekimzade Nyýazynyň “Baý batrak” oýnunda Töräniň, K.Trenýowyň “Lýubow Ýarowaýa” oýnunda Ýarowoýyň, S.Hojanyýazowyň “Söýmedige süýkenme” oýnunda Koşgyn baýyň, U.Gajybekowyň “Arşin mal alan” oýnunda Süleýmanyň keşplerini ussatlyk bilen döretdi.
Berdi Mollaýewiň sahna keşpleriniň içinde iň naýbaşysy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi boldy. Ol keşp diňe artiste däl, bütin teatra, tutuş türkmen teatr sungatyna şöhrat getirdi. Berdi Mollaýew dana şahyryň keşbini türkmen sahnasynyň beýik ussady Aman Gulmämmedow bilen egin-egne berip oýnady. Onuň keşbe bolan täzeçe nazary, uçursyz yhlasy, bimöçber höwesi, abyrsyz zähmeti artisti elýetmez belentlige göterdi. Dramaturg Taňryguly Taganowyň režissýor Çary Myradow bilen döredijilikli hyzmatdaşlykda tomaşaçylara hödürlän “Kökenli ýüzügi” Berdi Mollaýewi “tüýs Magtymguly” diýdirdi. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda dünýä inen bu keşbi ajaýyp artistiň sungat äleminde özüne goýup giden mynasyp ýadygärligi bolup galdy.
Türkmen teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, sahna ussady Berdi Mollaýewe “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, “Türkmenistanyň halk artisti’ diýen hormatly atlar dakyldy.