Gurt NAZAROW


Gurt NAZAROW



Gurt Nazarow 1949-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginde eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, 1966-1973-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýar. G.Nazarowa belli halypa-mugallym, “Türkmenistanyň at gazanan artisti” Bäşim Artykow tälim berýär. Geljekki meşhur aýdymçynyň bu ugra ýokary islegi, tutanýerliligi, aýdym-saz sungatyna çyn yhlas bilen çemeleşişi basym öz oňyn netijesini hem berip ugraýar. Ol gutardyş synagynda Lenskiniň ariýasyny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, «Ýewgeniý Onegin» operasyndan iki bolup ýerine ýetiren aýdymy bilen topar agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 1978-nji ýylda Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyny tamamlaýar. Ol talyplyk döwründe-de paýtagtymyzyň opera teatrynda görkezilýän sahna oýunlarynda üstünlikli çykyş edip ugrady. Meşhur italýan aýdymçylary Karyzo, Mario Del Monako, Mario Lans, Pertile dagylaryň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny öwrenmek arkaly ol ymykly kämilligiň ýolundan menzil aşyp ugrady. Gurt Nazarow milli opera sungatymyzda «Rigolettoda» Gersogyň, «Trubadurda» («Orta asyr prowansal şahyrynda») Manrikonyň, «Trawiatada» Alfrediň, «Karmende» Don Hoseniň, «Toskada» Kawaradossiniň, «Ýewgeniý Oneginde» Lenskiniň, «Garahal gelinde» Germanyň,
«Leýli-Mejnunda» Mejnunyň, «Ganly sakada» Çaryýaryň, «Saýathanda» Hemranyň, J.Werdiniň «Otellosynda» Otellonyň we beýleki dünýä belli hem-de milli opera sungatymyzda ýerine ýetiren keşpleri bilen ýüreklere ýol salýar. Belli aýdymçy aýdym-saz sungatynyň tehnikalarynyň üstünde yzygider işleýär, dünýä wokal sungatynyň ägirtleriniň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny seljerýär, her bir aýdymy erjellik bilen özleşdirýär. Şol döwürlerde ony iri Mihail Glinka adyndaky Bütinsoýuz wokalçylar ýaryşynda çykyş etmäge çagyrýarlar we ol ýerde emin agzalary Gurt Nazarowyň ýerine ýetirijilik ukybyna ýokary baha berip, eminler toparynyň agzasy hem-de başlygy, SSSR-iň halk artisti, dünýä belli aýdymçy I.K.Arhipowa oňa «Halk aýdymlaryny ýokary ýerine ýetirijiligi üçin» diýen diplomy gowşurýar. Şondan soň ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýokary derejeli opera aýdymçysy hökmünde Sergeý Rahmaninowyň «Aleko», Aman Agajykowyň «Sona» sahna oýunlarynda çykyş edip, öz ussatlygyny görkezýär. Soňra ol Russiýa Federasiýasynyň Rýazan, Lipesk, Irkutsk, Barnaul, Kaluga, Tambow, Ižewsk, Saransk, Gazagystanyň Almaata, Moldawiýanyň Kişinýow, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň şäherlerinde saparda, döredijilik duşuşyklarynda bolup, özboluşly, ýokary ussatlygy bilen ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň ýokary ýerine ýetirijilik derejesini görkezýär. Şeýlelikde, G.Nazarow meşhur aýdymçylaryň hatarynda özüni görkezip ugraýar. Ol bir ýarym ýyllap Moskwanyň Uly Döwlet akademiki teatrynda meşhur aýdymçy, halypa-mugallym, SSSR-iň halk artisti Zurab Sotkilawynyň ýanynda öz ugrundan kämilleşýär. Onuň Mihail Glinka adyndaky Bütinsoýuz ýekelikde aýdym aýdýanlaryň ýaryşyna emin agzasy hökmünde çagyrylmagy, meşhur aýdymçynyň Gyrgyz Respublikasynyň opera we balet teatrynda «Rigolettonyň» Gersog partiýasynda, Türkiýe Respublikasynyň Döwlet opera we balet teatrynda «Turandotda» çykyş etmegi, opera we balet spektaklynyň Halkara festiwallarynda meşhur opera primadonnasy Mariýa Biýeşu bilen «Çio-Çio-Sany» ýerine ýetirmegi, Hytaýda, Mongoliýada, Koreýada we beýleki döwletlerde eden çykyşlary G.Nazarowa uly üstünlik getirdi.
Ol Türkmenistanyň teleradioýaýlymlarynda horuň artisti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýokary derejeli opera aýdymçysy bolýar. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy wezipelerinde işleýär. Russiýa Federasiýasynyň döwlet opera we balet teatrlarynda hem sahna ussady hökmünde ýokary üstünlikler gazanýar. Giň kamera-wokal gory bolan meşhur aýdymçy köp sanly konsertlerde yzygiderli çykyş edýär. Ol Mihail Glinkanyň, Pýotr Çaýkowskiniň, Sergeý Rahmaninowyň, Daňatar Öwezowyň, Nury Halmämmedowyň we beýleki meşhur kompozitorlaryň romanslaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. G.Nazarow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy bolmak bilen, köp sanly şägirtleri ýetişdirdi.
Gurt Nazarowa ilki 1991-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, soňra 1993-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar.