Kakageldi Gurbangeldiýew


Kakageldi Gurbangeldiýew



Özboluşly döredijilik akymy, tomaşaçylaryna şatlyk paýlaýan eserleri bilen tanalýan suratkeş Kakageldi Gurbangeldiýew 1956-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze oba” geňeşliginde dünýä inýär. Ilki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde halypalar Nurmämmet Halmämmedowyň, Rahym Işangulyýewiň elinde çeperçilik bilimi alýar (1972-1976). Soňra Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutynda okaýar. Ol ýerde professor W. Ý. Artamonow, SSSR-iň halk suratkeşi T. T. Salahow ýaly ussatlar K. Gurbangeldiýewiň suratkeş hökmünde kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaş suratkeş heniz ýörite çeperçilik mekdepde okaýan döwründen başlap, öz eserleri bilen geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýar. Öz döwürdeşlerini, gündelik durmuşyň asuda ýaşaýşyny, gyzykly çaga dünýäsini wasp edýän eserler tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başarypdyr. Azerbaýjanda, Malide, Daniýada we beýleki döwletlerde geçirilen sergilerde öz işlerini halk köpçüligine yzygiderli ýetiren Kakageldi Gurbangeldiýew häzirki wagtda ussat halypa, zehinli suratkeş hökmünde tanalýar. Onuň döreden eserleri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda, şeýle-de Gollandiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeý we hususy ýygyndylarynda ýerleşýär.
Kakageldi Gurbangeldiýewiň özboluşly ýazyş usuly bar. Ol giň döredijilik ýolunda şol usulyna üýtgewsiz wepaly bolup gelýär. Suratkeşiň eserleri ýerine ýetirilişi, taslama gurluşy, reňk çözgüdi hem-de tematikasy boýunça aňsat tanalýar. Onuň işlerini synlanyňda, suratlandyrylýan wakanyň içine aralaşandygyňy, hatda esasy gatnaşyjy hökmünde wakanyň bir bölegine öwrülendigiňi duýman galýarsyň. Suratkeşiň döreden eserleriniň dartyş güýji juda uly bolup, tomaşaçylara çuňňur täsir ýetirýär. Göräýmäge gündelik durmuşyň adaty sahnalaryny şekillendirýän eserler kalbyňy heýjana getirip, şadyýan duýgulary oýarýar. Suratkeş “Meniň obam”, “Tutluşyk”, “Maşgalada” ýaly işlerinde bagtly çagalyk durmuşynyň ýakymly täsirini galdyrýan bolsa, “Agyr ýyllarda”, “Uruş ýyllarda” atly eserleride şol bir şekilleriň, birmeňzeş reňkleriň üsti bilen ynsan ömrüniň kynçylykly pursatlaryny açyp görkezýär. “Bu dünýä”, “Kompozisiýa”, “Iki” ýaly abstraksiýa işlerinde umumylaşdyrmaklyga çemeleşme, pikiri, mazmuny dürli şekilleriň üsti bilen açyp görkezme öňe çykýar. Suratkeş milli sungatymyzyň çeperçilik däpleri bilen birlikde Anri Matiss, Pol Gogen ýaly daşary ýurtly suratkeşleriň döredijiligini hem içgin öwrenýär.
Kakageldi Gurbangeldiýewiň dürli ýyllarda döreden eserlerinde adam zähmeti, eziz topragyna bolan çuňňur söýgi aýdyň tapawutlanýar. Onuň her bir işine siňdirýän yhlasy, erjelligi eserlerinde mynasyp ornuny tapýar. Häzirki wagtda 60 ýaşy arka atan ussat suratkeş ählimiz üçin görelde mekdebidir. Onuň äpet umman ýaly döredijiligi, çeper eserleri çuňňur filosofik mana eýedir.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA