Nurbibi NAZAROWA


Nurbibi NAZAROWA



Nurbibi Nazarowa 1959-njy ýylyň 3-nji martynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Ata Salyh obasynda eneden bolýar. Ol 1976-njy ýylda ozalky Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumyna gaýybana okuwa girýär. Ol tehnikumy tamamlap, Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynda okuwyny dowam etdirýär. Nurbibi talyp döwründe “Baý we batrak” spektaklyndan parçalary oýnaýar. ”Elwan ýaglykly serwim”, “Ölüm howpy abananda” spektakllarda oýnaýar. 1984-nji ýylda «Sazly komediýa artisti» diýen hünäri alýar hem-de Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işe başlaýar.
Kalbynda nepisligi, ökdeligi, çeperçiligi, irginsizligi jemlän Nurbibi Nazarowa, özüniň ussatlygyny sahna meýdançasynda subut etdi. Ol teatr sahnasynda ilkinji gezek dramaturg B.Öwezowyň “Böwsülen böwet” atly oýnunda Gözeliň keşbini döredip, tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar. Ol soňra “Gara saçlar” atly oýnunda Garagyzyň keşbini janlandyrýar. Şeýdip ol sungatda öz ýoluny tapýar. Soňra ol teatrda dramaturg Baýram Gurbanowyň “Tilki dostlugy” atly sahna eserinde Tilkijemalyň keşbini ussatlyk bilen ynandyryjy döredýär. Şondan soň onuň ýörgünli atlarynyň biri Tilkijemal bolup galýar. Durky bilen gülkä ýugrulan artistiň döreden keşpleri hemişe tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. “Görogly” eposy esasynda sahnalaşdyrylan “Öwez öýlenen” oýnunda ol Hupnyşan kempiriň keşbinde sahna çykyp, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Onuň döredijiliginde tomaşaçylaryň kalbyna gozgalaň salyp olary oýlanmaga mejbur edýän keşpleriň sany ençeme ýetýär. N.Jumaýewiň “Bähbit Pälwan” oýnunda Mahmalyň, G.Muhtarowyň “Ajaýyp tebip” oýnunda Zulman kempiriň, T.Jumageldiýewiň “Gyz gaçanda” oýnunda Bibiniň, B.Gurbanowyň “Tilki dostlugy” oýnunda Tilkiniň, H.Bäşimowyň “Ýigidiň daýysy bar” oýnunda Dursunyň, A.Hojamyradowyň “Gyrat” oýnunda Zulman kempiriň, “Öwez öýlenen” oýnunda Hopnyşan kempiriň, G.Nazarowyň “Mülk” oýnunda Geregiň, “Jygaly begiň zürýatlary” oýnunda Gülaýymyň, Ö.Galandarowyň “Bildiriş” oýnunda Aknabadyň, A.Allanazarowyň “Tilkiniň doglan güni” oýnunda Tilkigülüň, B.Abdyllaýewiň “Tereke” oýnunda Güljemalyň, D.Oraýewiň “Leýli-Mežnun” oýnunda Torgaý guşuň, B.Suhanowyň “Ýusup-Züleýha” oýnunda Hyrynanyň, N.Rejepowyň “Halal hazyna” oýnunda Hajar bibiniň, G.Daňatarowyň “Mälik şa” oýnunda Edalynyň, “Söýgi bizi halas eder” oýnunda Ojanyň, “Tekepbir gyz” oýnunda enesiniň, “Heýkeller hem ykballar” oýnunda enäniň, Ç.Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” oýnunda Hesel ejäniň keşplerini ussatlyk bilen döredip, tomaşaçylara sowgat etdi. Onuň dürli mowzuklardan döreden bir-birinden tapawutly keşpleri sanardan kän. N.Nazarowa teatrda geçirilýän “Gülki agşamy” atly aýdym-sazly tomaşada hem täze-täze degişmeleri tomaşaçylara aýdyp berip olaryň ruhuna ruh goşýar.
Nurbibi Nazarowa 2008-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly gowşuryldy.
2009-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp boldy.