Handurdy BERDIÝEW


Handurdy BERDIÝEW



Handurdy Berdiýew 1965-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje daýhan birleşiginde eneden bolýar. H.Berdiýew 1988-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki N.Çerkasow adyndaky teatr saz we kinematografiýa döwlet institutynyň drama we kino artisti hünärini tamamlady. Okuw döwründe professor W.Mihaýlowyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylan “Allaeddiniň jadyly çyrasy” atly spektaklyna gatnaşdy we baş keşbi ýerine ýetirdi. Ol instituty tamamlap, öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti bolup işe başlady. Şol döwürler teatrda dramaturg J.Hudaýberdiýewiň “Kemal” atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýunda çykyş etmäge gatnaşdyrylýar.
Handurdy Berdiýew gysga döwrüň içinde A.Wampilowyň “Uly oglum” spektaklynda Wasenkanyň, T.Manryň ”Pygamberler nalasy” spektaklynda Ýusubyň dogany Gadyň, B.Mämmedowyň “Urgy” spektaklynda Kerimiň, B.Gurbanowyň “Babagammar” spektaklynda Hemdemiň ýatda galyjy keşplerini döretdi. H.Berdiýewiň teatrda sahnalaşdyrylan G.Kulyýewiň “Wah, siz erkekler” spektaklyndaky Tarhany, H.Müllügiň “Ýeserler” spektaklyndaky Öwezi, A.Mämiliýewiň “Oýun bir, maza iki” spektaklyndaky Sapar Kiçiýewi, “Söýgi duralgasy” oýnundaky Allamyrady, N.Rejebowyň “Gedaý bagşy” oýnundaky Kaýsar şasy, O.Annaýewiň “Şapak” oýnundaky Aman agasy irginsiz zähmetiň netijesinde dörän keşplerdir.
Şeýle hem ol N.Rejebowyň “Jahan jomardy” atly spektaklyny sahnalaşdyryp, režissýorlyk işinde özüniň ilkinji ädimini ätdi. Teatrda dürli ýyllarda sahnalaşdyrylan P.Merimäniň “Wah, gara gözler”, G.Daňatarowyň “Täze maşgala”, “Hakydalar ummany”, O.Annaýewiň “Gabanjaň gelin”, G.Kakabaýewiň “Galkynan göwünler”, “Gumly gelin”, “Magtymguly”, N.Rejebowyň “Hak aşyklar”, “Gyrat” oýunlary, Gadam Kakabaýewiň “Seýitnazar Seýdi” spektakly H.Berdiýewiň režissýorlygynda teatr tomaşaçylaryna ýetirildi.
H.Berdiýewiň Orotyň keşbini döredip gatnaşan “Nusaý söýgüsi” atly spektakly, Kabylyň keşbini janlandyrmagyndaky “Kabyl we Habyl atly spektakly halkara festiwallarynda baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Handurdy Berdiýew çeper filmlerde-de birnäçe ýatda galyjy keşpleri janlandyrdy. Olardan S.Jallyýewiň “Keremli söz” çeper filmindäki Derwüşiň, H.Kakabaýewiň “Wyždan azaby” çeper filmindäki Berdiniň, B.Abdyllaýewiň “Berç” atly çeper filmindäki Paýtygyň, O.Gummadowyň “Mälik şa” atly çeper filmindäki Mälik şanyň, O.Orazowyň “Oguz toýy” atly çeper filmindäki weziriň, “Mollanepes” çeper filmindäki baý aganyň keşpleridir.

Soňky ýyllarda H.Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan, dramaturg G.Kakabaýewiň “Watan hakda üç aýdym”, “Ýurt”, “Gumly gelin”, “Magtymguly Pyragy” spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. H.Berdiýew “Watan hakda üç aýdym” spektaklynda Gowşut hanyň, “Ýurt” spektaklynda Nedir şanyň keşplerini ýatda galyjy döretdi. H.Berdiýew M.Karimiň “Aý tutulan gijesi” atly sahna oýny boýunça “Akýigit we Zümmeret”, Z.Zaýnulliniň “Alty gelin” atly sahna oýnuna halypalyk etdi. Ol soňky döwürlerde N.Rejebowyň “Hak aşyklar”, “Döwletli döwran geldi”, “Gyrat”, “Ependi sen kim?”, “Görogly we Agaýunus” atly sahna eserlerini, G.Daňatarowyň “Awazada asal aýy”, “Täze maşgala”, şeýle hem J.Hudaýberdiýewiň “Müneçjim”, O.Annaýewiň “Halas ediň!”, atly sahna oýnuny hem ýokary derejede sahnalaşdyrdy. “Görogly we Agaýunus” atly sahna oýny 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabry – 7-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykorgan şäherinde geçirilen VII halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, teatr festiwalynyň kubogyna, diplomyna, şeýle hem “Iň gowy zenan keşbi üçin” atly ýörite baýragyna mynasyp boldy.
H.Berdiýew teatr sungatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin 2001-nji ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna, 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” ýubileý medalyna, 2013-nji ýylda “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenine mynasyp boldy. Şeýle hem oňa 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, 1999-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly atlar berildi. 2014-nji ýylda bolsa “Magtymguly Pyragy” medalyna eýe boldy. 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.