Jennet PALTAÝEWA


Jennet PALTAÝEWA



Jennet Paltaýewa 1970-njy ýylyň 2-nji aprelinde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde eneden bolýar. 1987-1990-njy ýyllarda şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda hereket edýän teatr studiýasynda bilim alýar we ony drama artisti hünäri boýunça tamamlap, 1990-1992-nji ýyllarda ozalky A.Gulmämmedow adyndaky (häzirki Alp Arslan adyndaky milli drama teatry) döredijilik ýoluna başlady. Şol ýerde “Babagammar” spektaklynda Mähri gyzjagazyň keşbi, “Şährizada” spektaklynda, “Şa gyzy Turandot” spektakllarynda dürli häsiýetli keşpleri ýerine ýetirdi.
J.Paltaýewa 1992-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna (häzirki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry) işe geldi. Bu ýerde “Hüwdi” spektaklynda Altynsaçyň, “Mollanepes” oýnunda Gülzadanyň, “Japbaklar” oýnunda Şirinjemalyň keşbini ýerine ýetirdi.
Jennet Paltaýewanyň teatryň sahnasynda döredýän dürli häsiýetdäki gahrymanlarynyň keşbi tomaşaçynyň kalbynda orun alýar. Bu babatda türkmen teatr sungatyna şan getiren “Gala” spektaklyndaky Arman gyzyň keşbi nusgalykdyr. Onuň döredijiliginiň ýene-de bir aýratynlygy artistiň aýdym aýdyp bilýänligidir. Muňa “Soltan Söýün-Myraly” oýnunda Gülpamyň keşbinde çykyş eden artistiň ýakymly owaza eýlenen aýdymyny diňlän her bir tomaşaçy göz ýetirdi.
Sungat ýollarynda Jennet Paltaýewa dürli oýunlarda keşp döredýär. Onuň teatryň sahnasynda janlandyran dünýäniň nusgawy oýunlaryndaky hem-de türkmen dramaturglarynyň ýazan sahna eserlerindäki keşplerem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Şonuň ýaly hem ol onlarça kinofilmlerde we telespektakllarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi. Ol teleýaýlymlarda dürli dillerden terjime edilýän daşary ýurt filmlerine, şeýle hem radio oýunlara ses bermäge gatnaşýar.
Jennet Paltaýewa Baş drama teatrynyň repertuaryndaky spektakllaryň hem onlarçasynda görnükli keşpleri ýerine ýetirýär. “Söýgi hem mekirlik” spektaklynda Marusýanyň, “Sen söýseň meni” spektaklynda Ogulgurbanyň, “Dessembil” spektaklynda Güljemalyň, “Täsin söýgi” spektaklynda Alyp gaçanyň ejesiniň, “Gelinler” spektaklynda Başaratyň, “Dowamat-dowam” spektaklynda Körpe agtygyň enesiniň, “Bagt kenarynda” spektaklynda Zerkäkil ýeňňäniň, “Däli Domrul” spektaklynda Domrulyň ejesiniň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdy we teatr tomaşaçylarynyň söýgüsine mynasyp boldy.
Jennet Paltaýewanyň ýurdumyzyň milli teatr sungatyny ösdürmekde we halk köpçüligine ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, 1996-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy hem-de ol 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly, 2017-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.