ESEN ÇARYÝEW


ESEN ÇARYÝEW

Şahyr Esen Çaryýew 1953-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginde doguldy. Esen Çaryýew 1977-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlap, ilki Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky orta mekdeplerde, soňra bolsa, Halaç etrabynyň orta mekdeplerinde mugallym bolup zähmet çekýär. Häzirki wagtda Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýän Esen Çaryýew köp ýyllar bäri bäri nesillere ylym-bilim, terbiýe berip gelýär.

Esasy işiniň daşyndan çeper döredijilik bilen meşgullanýan Esen Çaryýewiň goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Onuň goşgulary «Nowruz», «Baş Mugallymymyza tagzym», «Magtymgula tagzym», ýaly ýygyndylarda ýerleşdirildi. 2023-nji ýylda «Ylham çeşmesi» atly goşgular kitaby çap edildi.

Esen Çaryýew 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýle hem, Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli yglan edilen çeper döredijilik boýunça bäsleşiklerinde birnäçe gezek baýrakly orunlary eýeledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň yglan eden «Garaşsyz Diýarym – erkana ýurdum» atly şygryýet bäsleşigine gatnaşyp, onuň Merkezi Geňeşiniň ýörite baýragyna we Hormat hatyna mynasyp boldy.

Şahyr Esen Çaryýew öz işinden daşary jemgyýetçilik işlerine, döwlet çärelerine işjeň gatnaşýar. Ol 2016-njy ýylda Mary welaýatynda, 2019-njy ýylda Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliklerine we başga-da birnäçe medeni çärelere gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Esen Çaryýew hem özüniň döredijilik aýratynlyklary, goşgularynda öňe sürýän pikirleriniň çuňlugy, durmuşylygy we tebigylygy bilen edebiýat meýdanynda giňden tanalýan şahyrdyr. Ol özüniň döredijilik dünýäsinde durmuşyň we tebigatyň, ýaşaýyşyň we dünýäniň kämilligini, gözelligini, bakylygyny duýup, kämil eserleri döredýär.