SUNGATA BAGYŞLANAN ÖMÜR


SUNGATA BAGYŞLANAN OMUR

Durmuşda «özüňi tapmak» diýlen düşünje bar. Onuň üçin ilki özüňi tanamaly, öz dünýäňe barýan ýoly yzlap, özüňe gowuşmaly. Soňra bolsa öz üşügiňdir paýhasyň emrine eýerip, sulbaňa takdyryň dakan kesbi bilen «ümmüldeşip» ömürýodasyndan ýöräbermeli. Seni sen edýän hünär bolsa-ykbalyň ykrary. Ine, şu ýerde gursagyňa guýlan zehin bilen ykbalyň ylalaşan kesbi-käriniň bir perdeden gopmagy ömür ýoda- synyň syýahatçysyny arzuwlan menziline aşyryp biler. Biz bu ýörelgä- niň Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowanyň sungat äleminde bitiren hyzmatlaryndan çen tutup, juda jüpüne düşen hakykat-dygyna göz ýetirýäris.

Dogrudan-da, türkmen teatr sungatynda özboluşly yz goýup bilen, ykbalyny sungata bagyş eden bu ze- nanyň ömür ýoly, ýarym asyra golaý döwürde teatr sahnasynda döreden keşpleri kämillik diýlen mukaddesligiň keşbini emele getirýär. Akjagül Suhanowanyň teatr sahnasynda döreden keşplerine tomaşa edeniňde, ussadyň döreden gahrymany bilen bir hörpden gopup, biygtyýar onuň yzyna düşüp başlaýanyňy-da duýmaýarsyň. Bu artistiň ussatlygy, ýokary hünär derejesi.

Ýurdumyzda halypa artist hökmünde tanalýan Akjagül Suhanowa 1955-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje) etrabynda dünýä inýär. Mekdep ýyllarynda onuň zehini şineläp başlaýar. Geçirilýän dürli çärelerdäki çeper okaýyşlary, gysgajyk sahnalardaky çykyşlary onuň sungat ugrundan uly geljeginiň bardygyny buşlaýar. Orta mekdebi tamamlandan soňra, geljekki sahna ussadyna 1972-1974-nji ýyllarda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama te- atrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda okap, ýurdumyzyň teatr sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gulmämmedow, Aman Gurbandurdyýew, Ata Alowow, Çary Mommadow ýaly ägirtlerden bu sungatyň syrly tilsim- lerini öwrenmek bagty miýesser edýär. Soňra geljegine uly umyt bildirilýän ýaş artist 1974-1979-njy ýyllarda Moskwanyň A.Lunaçarskiý adynda- ky teatrçylyk akademiýasynda okaýar. Akjagül Suhanowa bu akademiýany tamamlan ýaş sungat işgärleriniň uly toparynyň şol ýyl Türkmenabat şäherinde açylan Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatryna işe iberilendigini, teatryň sahnasynda ilkinji goýlan Nazar Geldiýewiň «Seýdi» spektaklynda hem özüniň ilkinji keşbiniň serkerde şahyryň uýasy Orazbibi bolandygyny ýatlaýar.

-Ýyllar, spektakllar, keşpler...Teatr. Bular meniň ömrümiň manysy. Dogrusyny aýtsam, bular meni özüne bendilän, taplan, kämilleşdiren ruhy halypalarym. Men teatryň ilkinji režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubowy, Çary lşankulyýewi, Mülkaman Orazowy haly palarym hökmün de hoşallyk bilen ýatlaýaryn. Ýyllar geçse-de, teatr sahnasynda döreden keşpleriň seniň bilen ýaşaýar. Meniň 90-njy ýyllarda sahnalaşdyrylan Durdy Baýlyýewiň «Sakawyň soňuna seret» spektaklyndaky Gülbahar ejäniň, Atajan Taganyň «Iň owadan gyz» spektaklyndaky Gülşadyň, Eziz Nesiniň «Öldür meni, ezizim» oýnundaky Siýeniň, «Baýram han» spektaklynda Hamyda Banunyň keşpleri şu günki ýaly ýadymda. Ýazyjy Döwran Agalyýewiň «Watan jandan ileri», Gaýyp Jumaýewiň «Mertler Watany beýgeldýär» hem-de «Abyl we Kabyl» spektakllaryndaky Gülkamar mamanyň, Enäniň, How enäniň keşplerini janlandyrandygyma buýsanýaryn. Medeniýetiň, sungatyň pajarlap ösýän häzirki günlerinde teatrymyzda Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepow, Çary Dolyýew, Akmyrat Jumageldiýew, Çemen Şükürowa ýaly ýaşlara halypalyk edýän kärdeşlerim, şeýle hem döredijilik toparymyza gelip goşulan zehinli ýaşlarymyz bilen işlemek juda ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet, sungat işgärlerine goýýan sarpasy, hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde teatrlarda goýulýan spektakllaryň ähmiýeti baradaky aýdanlary bizi has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar-diýip, Akjagül Suhanowa buýsanç bilen gürrüň berýär.

Hawa, welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda 46 ýyl bäri zähmet çekip gelýän, teatr sahnasynda keşpleriň 200-e golaýyny döreden, Türkmenistanyň halk artisti, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi Akjagül Suhanowa ukyp-başarnygy, zähmetsöýerligi bilen nusga alarlyk görelde görkezýär. Zähmetden bagt tapan ene mähriban perzentleri Maralyň, Gülendamyň, Myradyň bagtyna guwanýar. Biz hem ömrüni teatr sungatyna bagyşlan halypa sahna ussadyna täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.



Agamyrat SOLTANOW