Annaguly Hojagulyýew


Annaguly Hojagulyýew



Annaguly Hojagulyýew 1947-nji ýylyň 4-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, 1960-1965-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okaýar. Annaguly Hojagulyýew 1965-1970-nji ýyllar aralygy S.T.Strogonow adyndaky Moskwanyň döwlet çeperçilik-senagat akademiýasynda okaýar. 1972-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Annaguly Hojagulyýew 1974-nji ýylda «Baýramçylyk» atly ilkinji işini Riga şäherinde geçirilen halkara gobelen sergisinde görkezýär.

1976-1987-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň suratkeşi bolup işleýär. 1987-nji ýylda tekiz dokmanyň iň gowy däplerinde suratkeş «Durmuş bagy–meniň ülkäm» atly gobeleni döredýär. Suratkeş bu eserinde dünýäniň baky gymmatlyklaryny, onuň gözelligini, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny çeper şöhlelendirýär. 1990-1991-nji ýyllarda «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň suratkeşi, 1991-nji ýylda «Altyn Guşak» kärhanasynyň suratkeşi bolup işleýär. Annaguly Hojagulyýew 1991-2006-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň suratkeşi bolup işleýär. 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2007-nji ýylda «Gadymyýet», «Çaý başynda», «Çarwa türkmenler» atly gobelen eserleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. 2006-njy ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär. Annaguly Hojagulyýew ençeme ýyllardan bäri döredip gelýän sungat eserlerinde adaty keşpleri çeper, şahyrana many-mazmuna bezäp besleýär. A.Hojagulyýew türkmen halkynyň durmuşyny, milli äheňlerini ýüze çykarmaga, etnografik häsiýetli eserleri döretmäge, olaryň ähli gözelligini dolulygyna beýan etmäge yhlasyny gaýgyrmaýar. Halypa suratkeşiň «Taslama», «Gündogar», «Wagt», «Durmuş», «Durmuş bagy–meniň ülkäm» atly eserleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.