Nurmyrat Saryhanow


Nurmyrat Saryhanow

(1906 - 1944)



Türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan ýazyjylaryň biri-de Nurmyrat Saryhanowdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda N.Saryhanowyň ömür we döredijilik ýoly barada şeýle maglumatlar bar:

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan bilime teşne bolan Nurmyrat 1925-nji ýylda Aşgabatdaky politehnikuma okuwa girýär. 1928-1929-njy okuw ýylynda ol Daşkent şäherindäki bir ýyllyk metbugat kursuna okuwa kabul edilýär. Ony gutaryp gelip, «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýär.1929-njy ýylyň aýaklarynda goşun gullugyna çagyrylýar. 1930-1932-nji ýyllarda «Gyzyl Goşun» atly gazetiň jogapkär kätibi, 1933-1934-nji ýyllarda polk kitaphanasynyň müdiri, ondan soň ýene-de 1937-nji ýyla çenli şol harby gazetiň jogapkär kätibi bolup işleýär. Nurmyrat Saryhanow 1937-nji ýylda goşun gullugyndan gelenden soň, dürli respublikan gazetleriň redaksiýalarynda, bir ýyl çemesi edebi-çeper žurnalda redaktor, 1938-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli şol mahalky «Sowet edebiýat» žurnalynyň redaksiýasynda edebi işgär, 1941-nji ýylda bolsa Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde konsultant (maslahatçy) bolup işleýär.»

Ýazyjy N.Saryhanow 1942-nji ýylda meýletinlik bilen arza berip, Beýik Watançylyk urşuna gidipdir. Ol söweş meýdanynda edermenlik görkezip, 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda wepat bolupdyr.

N.Saryhanow gysga ömründe «Şirin», «Kitap», «Arzuw», «Soňky öý», «Ak tam», «Giýew» ýaly hekaýalary, «Şükür bagşy», «Ýagtylyga çykanlar», «Gyzgyn günler» ýaly powestleri we başga-da ençeme eserleri döredip, halka miras galdyrdy. Ýazyjynyň «Şükür bagşy» atly eseri esasynda režissýor Bulat Mansurow 1963-nji ýylda çeper filmi surata düşürdi.

«Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligi bilim bilen durmuşyň aýdyňlygyny dabaralandyrýar, sungaty onuň dowamlylygynyň tebigy esasy edýär.» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýär. N.Saryhanowyň eserleri dürli ýyllarda türkmen, rus, iňlis, fransuz, pars dillerinde çap edildi.