Galpak Herräýew


Galpak Herräýew
(1902-1993)



Galpak Herräýew 1902-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde eneden doguldy. Ol ilkinji türkmen teatryny berkarar etmekde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdi, täze sungaty halk arasynda wagyz etmekde, ony köpçülige ýaýmakda nusga alarlyk görelde görkezdi. Türkmen teatrynyň artistleriniň köpüsiniň sahna gelmegine, bu sungata imrikmegine uly ýardam etdi.

Galpak Herräýew bilimini artdyrmak, sahna sungatynyň inçe syrlaryny has kämilleşdirmek maksady bilen, 1935-nji ýylda Bakuwyň teatr tehnikumynyň aktýorlyk bölümine okuwa girýär. Ol 1938-nji ýylda tehnikumy oňat bahalar bilen gutaryp, ýene-de söýgüli teatrynda işe başlady.

Ol sahnada şekillendiren G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» oýnunda Allan aganyň keşbi bilen tomaşaçylaryň hemişelik hakydasynda galmagy başardy. Ussat artistiň uzak ýyllaryň dowamynda döreden sahna keşpleriniň arasynda G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» oýnunda Çary aganyň, G.Burunowyň «Keýmir kör» oýnunda Çapraz hanyň, B.Amanowyň «Kemine» oýnunda Kazy Reýsiň, B.Amanowyň «Aýazhan» oýnunda Mürzäniň, B.Amanowyň, H.Çaryýewiň «Zöhre-Tahyr» oýnunda Garabatyryň, D.Rubežniniň «Gowgaly gije» oýnunda Çerkez Nyýazowyň, N.Hikmetiň «Söýgi rowaýaty» oýnunda Nagyş ussanyň, W.Winnikowyň we Ý.Osnosyň «Ak lotos» oýnunda kazynyň, N.Gogolyň «Derňweçi» oýnunda Bobçinskiniň, «Bagtly ýaşlyk» oýnunda Artyk aganyň keşpleri tomaşaçylaryň hakydasynda ebedilik galdy.

Galpak Herräýew teatr studiýasynda ýaş nesliň ösüp ýetişmegi üçin okuwçylara ençeme ýyllap «Aktýorçylyk ussatlygy», «Teatryň taryhy» diýen sapaklardan tälim berýär. Onuň tälim beren okuwçylarynyň ençemesi ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri bolup ýetişdiler. Galpak Herräýew «Magtymguly» filminde Berkeli hanyň, «Aýna» filminde etrap häkimliginiň işgäriniň keşbinde çykyş etdi.

Türkmen teatr sungatynyň ösmegi ugrunda bitiren hyzmatlary üçin Galpak Herräýew 1944-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1954-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara eýe bolýar. Şeýle hem Galpak Herräýew Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň «Hormat hatlarynyň» ençemesi bilen, «Hormat nyşany» atly ordeni hem-de «Zähmetde edermenligi üçin» atly medaly bilen sylaglanýar.