Enejan Orazmyradowa
Enejan Orazmyradowa 1943-nji ýylyň 16-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Abadançylyk daýhan birleşiginde eneden bolýar. 1961-nji ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlady. Studiýany tamamlap, E.Orazmyradowa 1961-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluna başlady. Enejan Orazmyradowa ilkibaşda teatryň sahnasynda ýaş gyzlaryň keşplerini döretmek ynanylýar. Ýaş artist gyzyň bu keşplere yhlasy, oňa ilkinji üstünlikleri getirýär. Oňa R.Gamzatowyň «Dagly gyz» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda dagly gyzyň keşbini döretmek ynanylýar. Keşp yzyna keşp ynanylýan ýaş artistiň sungatyň belentliklerine ýetmek arzuwy hasyl bolýar. Soňra ol H.Derýaýewiň «Ykbal» romany boýunça sahnalaşdyrylan spektaklda baş gahryman Uzugyň keşbini döredip, köpüň söýgüsini gazanýar. Teatr sahnasyndaky ilkinji üstünliklerden göwni galkynan artist zenan «Magtymguly», «Aýazhan», «30-njy ýyllar», «Keýmir kör», «Mollanepes», «Gyz salgydy», «Üç çynar», «Gelin gelýär», «Medeýa», «Ak zat», «Nejepoglan» «Harmandäli», «Düşewüntli orun», «Bernarda Albanyň öýi» ýaly türkmen we daşary ýurtlaryň tanymal dramaturglarynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan ajaýyp spektakllarda dürli häsiýetdäki we ýaşdaky zenanlaryň keşplerini uly ussatlyk bilen janlandyrdy.
1975-nji ýyldan 1980-nji ýyllar aralygynda radio we telewideniýede diktor bolup işledi. 1981-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluny dowam etdirip başlady. Teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň 50-den gowragynda dürli häsiýetdäki keşpleri ýerine ýetirip, halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Ol «Her kim islänini söýsün» spektaklynda Miýessoryň, «Çowduryň söýgülisi» spektaklynda Şemşadyň, «Dagly gyz» spektaklynda Asiýadyň, «Ykbal» spektaklynda Uzukjemalyň, «Elwan ýaglykly serwim» oýnunda Aseliň, «Baý we batrak» oýnunda Jemiläniň, «Düşewüntli orun» spektaklynda Polinanyň, «Ýaragly adam» spektaklynda Enejanyň, «Karol Lir» spektaklynda Kordeliýanyň, «Derňewçi» spektaklynda Mariýa Antonownanyň, «Sapançaly aýal» oýnunda Enejanyň, «Wýetnam gelni» spektaklynda Saunyň, «Gelin gelýär» spektaklynda Ülkeriň, «Harmandäli» spektaklynda Kempiriň, Harmandäliniň, «Medeýa» spektaklynda Enekäniň keşbini ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy.
Enejan Orazmyradowa Garaşsyzlyk ýyllarynda teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň hem birnäçesinde görnükli keşplerde çykyş edip, bagtyýarlyk döwrümizdäki milli teatr sungatymyzyň ösüşlerine hem öz saldamly goşandyny goşýar. Teatryň repertuaryndaky «Halal hazyna» spektaklynda Gytjanyň, «Lukman» spektaklynda Nurjemal ejäniň, «Giýewleriň bäsleşigi» spektaklynda Tuhbabibiniň, «Göroglynyň öýlenişi» spektaklynda Gelniň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Enejan Orazmyradowanyň türkmen teatr sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ol 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.