Çary Berdiýew


Çary Berdiýew



Çary Berdiýew 1952-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol ozalky Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň teatr artistlerini taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Çary Berdiýew 1979-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlap, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda işe başlaar. Ol bu teatrda öz döredijiliginiň gözbaşynda duran «Şäher tomsy» oýnunda Kyýasyň Zeýnalynyň keşbini ynandyryjy döredenligi üçin baýraga mynasyp bolýar. «Seýdi» oýnunda Işan Oragyň keşbini döretdi. Onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýän keşpleriň biri hem režissýor A.Ýakubowyň sahnalaşdyran «Görogly we Bezirgen» atly sahna oýnundaky Göroglynyň keşbi boldy.

Bu sahna oýnunda baş keşbi – Göroglynyň keşbini döreden Ç.Berdiýewe bäsleşikliriň birinde «Gowy aktýor» diýlen birinji baýrak berilýär. Tomaşaçylar bu oýny hem «Seýdi» spektakly ýaly uly söýgi bilen garşyladylar. Ol bu teatrda on ýyldan gowrak işledi. Çary Berdiýewiň ussatlygynyň has-da kämilleşmegine öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda (häzirki Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry), «Jan» eksperimental teatrynda işlän döwri uly ýol açdy. Onuň «Oguz oýny» oýnunda Salyr Gazanyň ogly Orazyň keşbini örän ussatlyk bilen döredendigini tomaşaçylar ykrar etdiler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda goýlan «Däli Domrulda» Däli Domrulyň, «Oguz handa» Gün hanyň, «Togrul Soltanda» Alp Arslanyň, «Daňdanakan bürgütlerinde» Togrul begiň, «Apatda» Derse hanyň keşplerini ussatlarça janlandyrmagy başardy. Ol Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda goýlan «Watan hakda üç aýdym» atly sahna oýnunda halk içinden çykan taryhy şahs Çopan kiriň keşbini döretdi. Mundan başga-da ussat artist «Jahan jomardy» spektaklynda Hatam Taýyň, «Gyratyň ogurlanyşy» spektaklynda Baly begiň, «Süýji durmuşyň gapysy» spektaklynda Batman baýyň keşplerini döretdi.

Çary Berdiýewiň şowly çykan keşpleriniň hatarynda «Sen söýseň meni» spektaklyndaky Bally mollanyň, «Täsin söýgidäki» Öküzleriň ýaşulysynyň, «Dowamat-dowamdaky» Oguz hanyň keşplerini ýatlamak zerurdyr. Çary Berdiýew «Ajaýyp», «Bäşinji hazyna», «Men-menlik», «Ýatsam düýşümde, tursam huşumda», «Sopyň halwasy» ýaly milli çeper filmlerimizde hem surata düşüp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde uzak ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Çary Berdiýew 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2000-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2001-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2005-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanyldy.