Döwletgeldi Annamyradow


Döwletgeldi Annamyradow



«Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow 1959-njy ýylyň 2-nji maýynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda dünýä inýär.
Şahyr D.Annamyradow oba mekdebini tamamlap, 1976-1977-nji ýyllarda «Lebapgurluşyk» müdirliginiň 11-nji mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň gurluşykçysy bolup işleýär. 1977-1978-nji ýyllar aralygynda «Ýaş kommunist» gazetiniň korrektory bolup zähmet çekýär. Soňra 1978-1983-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy, filolog ugrundan ýokary bilim alýar.

D.Annamyradow 1983-1985-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri, 1991-1994-nji ýyllarda «Naýza» önümçilik birleşiginiň jogapkär redaktory, 1994-1999-njy ýyllarda «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň jogapkär kätibi, 2000-2004-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda «Täze oba» žurnalynyň bölüm müdiri, 2005-2012-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň baş redaktory, 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň baş redaktory, 2013-2014-nji ýyllarda «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory bolup zähmet çekýär. 2014-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri wezipesinde işläp gelýär.
Şahyr D.Annamyradow «Gara perişde», «Söýgi sallançagy» atly birnäçe söýlüp okalýan kitaplaryň awtorydyr. Şeýle hem, «Söýgi we buýsanç», «Bahar bulaklary» atly edebi almanahlarda şahyryň goşgulary ýerleşdirildi.
D.Annamyradow Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Aýdyma siňen ömürler», «Aşyklaryň obasy», «Bagta barýan ýollar», «Söýgi kenary» atly uly göwrümli filmleriň, onlarça dokumental we çeper telefilmleriň edebi esaslarynyň awtorydyr. Şahyr D.Annamyradowyň sözlerine ýurdumyzyň kompozitorlary ençeme aýdymlary döretdiler.
Halypa şahyr 2007, 2009, 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» adyndaky bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Köp ýyllaryň dowamynda döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, D.Annamyradowa 2010-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly atlar dakyldy, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medalyna, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy D.Annamyradow Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Rumyniýa, Saud Arabystany Patyşalygy, Türkiýe Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Katar, Gyrgyz Respublikasy ýaly onlarça ýurtlarda bolup, türkmen edebiýatyny dünýä ýüzüne giňden wagyz etmekde köp işleri alyp bardy.