Akmyrat Esenow


Akmyrat Esenow



Akmyrat Esenow 1959-njy ýylyň 9-njy iýulynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momataý daýhan birleşiginde eneden bolýar. 1985-nji ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr-studiýasyny tamamlaýar. Entäk teatr studiýasynda okap ýörkä ol H.Şirowyň «Ak pamyk we döwler» spektaklynda Altynyň keşbini ýerine ýetirdi. Teatr studiýasyny tamamlap, Aman Gulmammedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Ol bu teatryň sahnasynda R.Durdyýewiň «Ak derekleriň aýdymy» atly çagalar üçin goýlan spektaklda baş gahrymany Bakynyň keşbini ýerine ýetirdi. Akmyrat Esenow ýaş artist hökmünde köp halypalar we mugallymlar bilen sahnada uly keşpleri ýerine ýetirip başlaýar. Soňra ol N.Rejepowyň «Gedaý bagşy» atly spektaklynda Paýradan bagşynyň, «Daňdanakan bürgütleri» spektaklynda ussanyň, «Söýgi duralgasy» Taňrygulynyň, «Altyn jüýje» oýnunda möjegiň, «Aç möjek» oýnunda möjegiň, «Türkmeniň ruhy» oýnunda Gorkut atanyň keşplerini döredýär. Türkmen döwlet «Jan» teatrynyň sahnasynda goýlan «Oguzhan» spektaklynda Ýyldyzhanyň, şol ýyllarda dramaturg G.Kakabaýewiň «Gala» spektaklynda Heraganyň keşbini şowly ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti hökmünde ol «Seljuk söýgüsi» oýnunda Hekimiň, «Täsin tebip» oýnunda weziriň, «Yşk mülküniň şasy» oýnunda Gürji hanyň, «Deňiz guşum» oýnunda Togsanbaýyň, «Mukaddes söýgi» spektaklynda Serdaryň, «Kime jaý, kime-de taý» oýnunda ussanyň keşbini ýerine ýetirdi.
Akmyrat Esenow kino sungatynda hem birnäçe keşpleri döretdi we tomaşaçylaryň söýgüli artisti bolýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli teatr sungatymyzyň döwrebap sahna eserleri bilen baýlaşmagyna goşan saldamly goşandy, ýokary ussatlygy we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin A.Esenow 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.