Döwletmyrat Nuryýew


Döwletmyrat Nuryýew



Şahyr Döwletmyrat Nuryýew 1947-nji ýylyň 20-nji martynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär. Ilkinji goşgusy 7-nji synpda okaýarka şol döwürdäki «Mydam taýýar» gazetinde çap edildi.
D.Nuryýew 1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar.
Ol 1965 –1968-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, 1968 –1973 -nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, 1974 – 1975-nji ýyllarda Bäherden etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1975 – 1975 -nji ýyllarda Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, 1975 –1989-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy bolup işleýär.
Şahyr Döwletmyrat Nuryýew 1989 – 1999-njy ýyllar aralygynda «Edebiýat we sungat» gazetinde korrektor, habarçy, bölüm müdiri ýaly dürli wezipelerde zähmet çekýär. Soňra 1999-2002-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory bolup işleýär. 2002-2018-nji ýyllarda «Diýar» žurnalynda edebi işgär, bölüm redaktory, jogapkär kätip ýaly dürli wezipelerde zähmet çekýär.
2018-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçysy bolup işläp gelýär. Şahyr Döwletmyrat Nuryýew 1991-nji ýylda öňki Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Halypa şahyr edebiýat äleminde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi bilen duşuşyp, işleşip, döredijilik gatnaşyklaryny saklady. Ol meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz Anna Gurtgeldiýewi, Mämmet Seýidowy, Berdinazar Hudaýnazarowy öz halypalary hasaplaýar.
D.Nuryýew häzirki döwre çenli jemi 1000-e golaý goşgynyň, 200-e golaý hekaýanyň, 6 sany powestiň, 26 sany poemanyň we 1 romanyň awtorydyr. 1996-njy ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, 2006-njy ýylda Eýran Yslam Respublikasynda, 2005-nji, 2013-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynda geçirilen halkara medeni çärelerine gatnaşan halypa şahyr D.Nuryýew 2013-nji ýylda Balkan, 2014-nji ýylda Daşoguz, 2015-nji ýylda Lebap, 2016-njy ýylda Mary welaýatlarynda geçirilen Medeniýet hepdeliklerine gatnaşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda guralýan medeni çärelerde, şygryýet agşamlarynda, döredijilik duşuşyklarynda yzygiderli çykyş edýär.
Şahyr Döwletmyrat Nuryýewiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 1999-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2010-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly at dakyldy. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.